Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Sanlylaşdyrmak — ösüşiň kepili
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Türkmenistanyň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak düýpgöter täze sepgitlere eýe bolýar. Bu özgertmeleriň hereketlendiriji güýji häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy, ýagny sanly bilim ulgamynyň ösmegidir. Täze tehnologiýalar ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda giňişleýin ornaşdyrylýar.
GARAŞSYZLYK - TÜRKMEN HALKYNYŇ UÇAR GANATY
Diýarymyza Baş baýramymyz – Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramy ýetip gelýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny bellejek ýylymyzyň her bir güni toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna beslenýär. 2025-nji - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam goýanymyz bäri yurdumyzda bellenilen şanly seneleriň, tutulýan toý baýramlaryň sanasaň sogaby bar. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň arzuwlan erkinligi wysal boldy.
Garaşsyzlyk — mukaddeslik baýramy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýik ösüşlerinden, üstünliklerinden ylham alýan mähriban halkymyz agzybirlikde uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýy barha golaýlaýan baş baýramymyz mynasybetli ýurdumyzda joşgunly baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Sagdynlyk — baky bagtyýarlyk
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş ulgamyny innowasion ýol bilen ösdürmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu işlere mynasyp goşant goşmakda ýaşlara uly ynam bildirilýär.
Garaşsyzlyk — halkyň bagtyýar ertirine ak ýol
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň nurana baýdagynyň astynda halkymyz özüniň bagtyýar geljegini gurýar. Çekilýän döredijilikli zähmetiň netijesinde ata Watanymyz jenneti mekana öwrülip, mähriban topragymyz gülläp ösýän künjege öwrülýär. Agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýetilen sepgitlere buýsanyp, täze ösüşlere sary ynamly gadam goýýar.
Garaşsyzlyk — synmaz tagtymyz
Garaşsyzlyk geçmişde halkymyzyň toplan baý medeni mirasyny we durmuş tejribesini jemgyýete gaýtaryp getirdi. Ata-babalarymyzyň nesillere galdyran baý medeni mirasynyň, giň dünýägaraýşynyň, paýhasly ýol-ýörelgeleriniň hakyky mirasyna eýe bolduk. Garaşsyz türkmen döwletiniň her bir raýaty bu adamkärçilikli ýörelgelerdir paýhas gorlarynyň dürdänelerini häzirki zaman jemgyýetinde gymmatlyk hökmünde nusga edinip aldy.
Garaşsyzlyk — bagtyýar durmuşa ak ýol
Şanly Garaşsyzlygymyz halkymyza asuda asmany, parahat durmuşy we bagtyýar geljegi peşgeş berdi. Berkarar döwletimiziň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan Türkmenistanyň her bir raýatyny döredijilikli zähmete, täze sepgitlere hem-de ösüşlere ruhlandyrdy. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen Garaşsyzlygyna 34 ýyl dolýar. Taryh üçin uly bolmadyk bu döwürde eziz Diýarymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan deňsiz-taýsyz üstünlikler gazanyldy.
Sanly bilim – ösüşleriň girewi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň netijesinde Bitarap Watanymyzyň bilim ulgamy ösüşleriň ýoly bilen öňe ilerleýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, bilimiň, ylmyň we medeniýetiň pajarlap ösmegini gazanmak, ylym-bilimi dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meseleler öňe sürülýär.
Garaşsyzlyk — halkyň göterilen ykbaly
Eziz Watanymyzyň täze taryhyny esaslandyran milli garaşsyzlyk halk jebisligini, jemgyýetçilik asudalygyny we döwlet kuwwatlylygyny gazanmagyň ygtybarly serişdesi hökmünde çykyş edýär. Bu taryh Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýä döwletleri bilen durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlykda parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligine tanatdy.
GARAŞSYZLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN
Şanly hem-de şöhratly ýylymyz bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň dabaraly belleniljek ýyly öz ýakym-ýaraşygy bilen bagtyýarlyk paýlaýar. Hawa, bu gün Garaşsyzlygymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli diplomatiýasy, ynsanperwerlik syýasaty, parahatçylygy döretmek sungaty hökmünde dünýäde ykrar edilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.