Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly»
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz diňe bir ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini kesgitlemän, eýsem, tutuş sebitde durnuklylyga, hyzmatdaşlyga hem ýardam berýän özboluşly ýörelgedir.
Bitaraplyk — türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik häsiýetiniň beýany
Ata Watanymyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy aýdym-sazly dabaralar bilen giňden bellenilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň serweri. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň goşa ganaty.
Bitaraplyk — halklaryň arasyndaky dostlugyň binýady
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basan ilkinji günlerimizden başlap, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.
Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň esaslary
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli asylly ýörelgesi bar. Bu asylly ýörelgeler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bütin dünýäde dabaralanýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Kararnamalar bilen üç gezek ykrar edilmegi hem tassyklaýar.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezi
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar. Ýurdumyzda bellenilýän her bir şanly senäni ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamak däbe öwrüldi.
«Dialog — parahatçylygyň kepili»
Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Türkmenistan şu gezekki sessiýanyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder» diýip, adamzadyň öňünde duran meseleleri çözmekde bitaraplygyň esaslarynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyny aýtdy.
Äleme nusga Bitaraplyk ýörelgämiz
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýändigi her birimizi ruhubelentlige atarýar. Bu şanly günlerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler bagtyýarlygymyzyň nyşany bolup nur saçýar.
Bitarap Türkmenistan – hoşniýetli gatnaşyklaryň ýurdy
Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzda halk bähbitli beýik işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan gözbaş alýan daşary syýasat üstünlikli ösdürilýär, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.
Parahatçylygyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň ýoly
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygyň parahatçylyk taglymatyny ylmy esasda öwrenmek we dünýäde wagyz etmek asylly ýörelgä öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz daşary syýasatda medeniýetleriň diplomatiýasy boýunça beýik başlangyjy başlap, bütin adamzadyň dost-doganlygyny pugtalandyrýar.
Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň täze belentliklerine çykdy. Ýurdumyzda öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan, iň kämil, dünýä derejesindäki saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.