Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Baky Bitaraplyk — köpugurly gatnaşyklaryň özeni
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgesi bolup, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, deňhukukly, özara bähbitli syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine amatly mümkinçilikleri döredýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasy dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.
Hemişelik Bitaraplyk – durnukly ykdysady ösüşiň binýady
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çärelere beslenip, parahatçylyk söýüjilik taglymaty, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek ugrundaky tagallalary dünýä ýaýýar. Türkmenistan BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen, Esasy Kanunymyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk derejesi esasynda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürýär.
«Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesi dabaralanýar
Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilýän 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly taryhy ähmiýete eýedir. Bu şanly sene her bir watandaşymyz üçin buýsançly senedir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy durnukly ösüşiň, raýat agzybirliginiň, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň nusgalyk binýadyna öwrüldi.
Hemişelik Bitaraplyk – baky abadançylyk
Ynsanperwer ýörelgeleriň esasynda hemişelik Bitaraplyk hil taýdan täze derejä eýe boldy. Onuň dünýä derejesindäki ähmiýeti artdy. Ýurdumyz iri halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Hemişelik Bitaraplyk döwletimize sebitde we dünýäde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýdyň ýol açdy.
Parahatçylyk ýörelgeleri dabaralanýar
Eziz Diýarymyzda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, döwletimiziň umumadamzat ähmiýetli işleriniň agzybirlige, parahatçylyga, parahatçylyk arkaly täze ösüşlere gönükdirilendiginiň aýdy nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen şygarynda hem parahatçylyk we ynanyşmak ýaly bitewi düşünjeler bar.
Hemişelik Bitaraplyk — beýik ösüşlerimiziň kepili
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Dünýä syýasatynda Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy has-da artýar. Halkymyzyň aňyna siňen ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty bu günki gün alnyp barylýan beýik işlere badalga bolup durýar. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» atly şygary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar.
Türkmen Bitaraplygy — kämilligiň ýoly
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr.
Hemişelik Bitaraplygy – dost-doganlygyň agzybirligi
Baky bagtyň ýolunda, bagtyýarlygyň goýnunda ýaşaýan türkmen halky ýene-de sanlyja günden hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny toýlar. Bu günki gün türkmenistanlylar bagtyýarlygy, eşretli günleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize çäksiz alkyş bilen ýaşaýarlar.
BITARAPLYK TAGLYMATY— ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY
Parahatçylyk ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek biziň milli ýörelgelerimizden gözbaş alýar. Şu ýol-ýörelge bilen nesil terbiýeleýän halkymyz bu gün hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň nurana şuglasyny dünýä ýüzüne ýaýýar.
Berkarar döwletiň Bitaraplyk syýasaty rowaçlanýar
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.