Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy ynamly durmuşa geçirilýär
Alym Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda bahasyna ýetip bolmajak işler durmuşa geçirildi.
HALKYŇ ABADANÇYLYGY – ÝURDUŇ ASUDALYGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiz ösüşleriň bedew batly depgini bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar.
Beden saglygy – bagtyýar durmuşyň kepili
Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi, gününden hoşnutlygy diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmek.
Saglygym — baş baýlygym
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň okamagy, öwrenmegi, alan hünäriniň eýesi bolmagy, zähmet çekmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilen.
Ilatyň saglygy – döwletiň baş baýlygy
Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi, gününden hoşnutlygy diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmek.
BUÝANYŇ DERMANLYK ÄHMIÝETI
Hakyň nazary düşen türkmen topragy tebigy baýlyklara diýseň baý. Şol baýlyklaryň biri-de, türkmen halkynyň Milli Lideri, alym lukman Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde belleýşi ýaly, köki müň bir derdiň dermany hasaplanýan meşhur buýan ösümligidir.
Dermanlyk ösümlikleri - saglygyň gözbaşy
Türkmenistanyň Prezidenti raýatlaryň saglygy barada yzygiderli aladalar edýär. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy, saglygy dikeldiş şypahanalarynyň durky täzelenilip, olaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi, sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz adamlaryň saglygyny berkitmekde we dikeltmekde derman ösümlikleriniň hem uly ähmiýete eýedigini hemişe nygtap geçýär.
Bitaraplyk - daşary syýasatymyzyň esasy ugry
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir.
Bitaraplyk — parahatçylygyň senasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gözbaş almak bilen, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary tarapyndan doly goldanylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyna bolup geçýän taryhy wakalar aýdyň şaýatlyk edýär.
EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY DÖWLET SYÝASATYNYŇ DERWAÝYS UGRY
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan ekologiýa syýasaty arassa gurşawy döretmäge gönükdirilendir. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, täze, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatymyzda esasy ugurlaryň birine öwrüldi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.