Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
GARAŞSYZLYK — GUWANJYMYZ
Ata Watanymyzda bagtyýar halkymyz özüniň asyrlarboýy ýüregindäki arzuw-umytlarynyň, erk-islegleriniň amala aşmagyna, milli ruhunyň dabaralanmagyna öwrülen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar.
GARAŞSYZLYK — ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ ÖZENI
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhy, gazanýan üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin gysga bolan döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapa-da bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.
GARAŞSYZLYK — BAGTY TÜRKMENIŇ
Gadymy hem müdimi türkmen ilinde toýlar toýa ulaşýar. Şu günler Diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy uludan tutulýar. Öz halkyna berkarar döwleti, bagtyýar zamanany bagş eden Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy dünýä ýüzünde asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde ýene bir gez belende göterdi.
Ykdysady ösüşleriň täze tapgyry
Berkarar döwletimiziň barha rowaçlanýan döwründe ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüş belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
MILLI YKDYSADYÝETIŇ DÖWREBAP ÖZGERTMELERI
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň maliýe sowatlylygyny artdyrmak babatda möhümişler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Garaşsyzlygyň bagtyýar ýaşlary
Gadymy hem müdimi türkmen ilinde toýlar toýa ulaşýar. Şu günler Diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy uludan tutulýar. Garaşsyzlygyň hözirini görüp ýaşaýan ildeşlerimiz mukaddes baýramçylygy mynasyp sowgatlar bilen garşylamak ugrunda joşgunly zähmet çekýär.
SEBITLEÝIN ÖSÜŞE TÄZE ITERGI
2025-nji ýylyň 13-nji iýulynda Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny guramaçylykly geçirmek babatda geçiren maslahaty hem halkara horumyň üstünlikli geçjekdiginiň beýany boldy.
Awaza – myhmansöýerligiň mekany
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC3) 4-8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 ýurda öz aýratyn maksatlaryny beýan etmek hem-de durnukly ösüş üçin umumy garaýyş döretmäge mümkinçilik berer.
HALKARA MASLAHATA BARÝARYS
Häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara jemgyýetçiligiň ünsüni barha özüne çekýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna hem-de hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýene-de sanlyja günden bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler.
DURNUKLY ÖSÜŞLERE BADALGA BERJEK HALKARA MASLAHAT
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnama kabul edildi we dünýäniň 57 döwleti şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.