Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Raýat awiasiýasynyň ilkinji türkmen uçarmany
Her bir ugurda zähmet çekip, öz saýlan hünärine ömrüni bagyşlan halypalar örän kän. Her bir pudakda, her bir tutumly işde ilkinji bolanlaryň ady taryha ýazylýar. Hazar ýakasyndaky kiçeňräk Garşy şäherçesi diňe bir şypaly suwlary bilen meşhur däldir. Bu ýerde geçen asyryň başlarynda adaty balykçy maşgalasynda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň ilkinji uçarmany Anjan Amanow dünýä gelip, şu ýerde-de önüp-ösüpdir.
TALYP ÝAŞLARA DÖWREBAP BILIM BERMEGIŇ ÄHMIÝETI
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen beýleki pudaklar bilen bir hatarda ylma, bilime, Watanymyzyň geljegi bolan talyp ýaşlaryň has-da kämil, tutanýerli, erjel bolup ýetişmeklerine uly üns berilýär. Milli Liderimiz “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň öňde goýýan esasy wezipämiz bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr” diýip belleýär. Hut şonuň üçin hem kämil tehnologiýalaryň ösen döwründe bilim ulgamyndaky edilýän tagallalar barha artýar.
Sport — parahatçylygyň nyşany
31-nji awgustda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.
ÄHLIHALK IŞINE GOŞANT
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen biraýlyk geçirmek indi asylly, döwrebap däpleriň birine öwrüldi
PAÝHASA ÝUGRULAN AJAÝYP KITAP
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ugurlarda uly özgertmeler bolup geçýär. Täze taryhy döwrümizdäki düýpli özgertmeler türkmen jemgyýetini täze belentliklere alyp barýar.
Gahryman Arkadagymyza belent sarpa
Asuda döwletde, abadan durmuşda bagtyýarlyga, ösüş-özgerişlere, şanly senelere, toý-baýramlara baý bolan her bir ýylymyz taryhy wakalara beslenýär. Agzybirlikden döwlet tapan, Garaşsyzlygyny gazanyp, baky Bitaraplygy ykrar edilip, durmuşy bagtyýarlyga ýugrulan halkymyzda geljek, 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak barada öňe sürlen teklip agzybir halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe boldy.
BEDEW BADY BILEN ÖŇE BARÝAR ARKADAGLY ZAMANA
Bu günki gün ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgelerine ygrarly agzybir halkymyz — Gahryman Arkadagynyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik geljegini gurýar. Ösüşleriň aýdyň ýolundan ýöräp, belent maksatlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň barha belende galýan halkara abraýyny, gazanýan uly üstünliklerini bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.
BITARAPLYK — ABADAN DURMUŞYŇ KEPILI
Parahatçylygy pugtalandyrmak bilen halkara gatnaşyklaryna giň gerim berýän Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly laýyklykda,şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik işleri maksada laýyk durmuşa geçirýär. Bu bolsa, Türkmenistana goňşy we beýleki döwletler bilen ynanyşmak esasynda syýasy, ykdysady, gumanitar ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilik berýär.
«ÝOLA GERIM GEREK, ÝIGIDE – DOST»
Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Dostluk asylly häsiýetleriň jemidir» diýip jaýdar belleýär. (sah-167). Eziz Arkadagymyzyň dostluk hakdaky taglymatyndan ugur alnyp, gürrüň açjak şu wakalarymyz hem ata-babalarymyza mahsus bolan dost-doganlyk hakynda, mähriban okyjy.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen
Halkymyzyň geçmiş edebiýatynda görnükli yz goýan şahsyýetleriniň hatarynda Mäne Baba ady bilen tanalan Abu Sagyt Abulhaýyryň ady hormat bilen ýatlanýar. Abu Sagyt Abulhaýyr 967-nji ý ylda Kaka etrabynyň Mäne obasynda her dürli müşk-anbarlary, atyrlary, däri-dermanlary ýasaýan Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmediň maşgalasynda dogulýar. Kakasy myhmansöýer, sahawatly adam bolansoň Abu Sagyt ýaşlygyndan kakasynyň gaşynda terbiýelenip, ýagşyzadalaryň, ylym-bilimden sowatly kişileriň söhbetlerini diňleýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.