Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Il saglygy - ýurt baýlygy
Gyşda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler. Gyş paslynda arassa howada gezmek, dem almak adama ýakymly täsir edýär. Munuň özi ynsanyň janynyň sag, şähdiniň açyk, ruhubelent bolmagynda has ähmiýetlidir.
“Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň nyşany
Türkmenistanyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy boldy.
Sagdyn bedende - sagdyn ruh
Gyş paslynyň gelmegi adam bedeninde käbir özgerişlikleriň bolup geçmegine getirýär. Sepgitde howanyň üýtgemegi adama üýtgeşik täsir edip, bu wagt tebigatda gezelenç etmäge mümkinçilik döreýär. Gyşda arassa howada gezmek, dem almak adama ýakymly täsir edýär. Munuň özi ynsanyň janynyň sag, şähdiniň açyk, ruhubelent bolmagynda has ähmiýetlidir.
Bitaraplyk – parahatçylygyň we ynanyşmagyň baýramy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmegi dekabr aýynyň ähmiýetli wakasy bolar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. Ol gün ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl doldy.
Uly dabara beslenen Halkara Bitaraplyk güni
Türkmenistanyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Bu özboluşly doktrina parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup, 30 ýylyň dowamynda Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli guraldygyny subut etdi.
Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri — dertleriň melhemi
Milli Liderimiziň her bir maşgala üçin gymmatly çeşme bolan ylmy-ensiklopedik eserlerinden halkymyz halk lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin maglumat alýar. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanyljak birnäçe ösümliklere aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzyň ösümlik dünýäsi iňňän baýlygy bilen tapawutlanýar.
Sagdyn durmuşyň çeşmesi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli sagdyn kemala getirmek uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
Türkmen halky saglygy beglige, uly baýlyga deňeýär. Şonuň üçin-de Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanylyp, 30 ýyl bäri üstünlikli durmuşa geçirilip gelinýär. Maksatnama laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirildi.
HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATÇYLYGYŇ ÇAPARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy asudalygyň we gülläp ösüşiň berk binýadydyr. Hemişelik Bitaraplyk dostlugyň we hyzmatdaşlygyň gözbaşydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar.
MAŞGALA TERBIÝESI – MÖHÜM TERBIÝE
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzyň geljegi bolan maşgala ojagynyň berkligi, agzybir maşgalalarda terbiýelenýän ýaş nesliň edepli-terbiýeli, bilimli-hünärli, watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmegi üçin uly tagallalar edilýär. Şol tagallalar ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmegine, belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine gönükdirilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.