Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Sagdyn nesil - sagdyn jemgyýet
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar.
Sanly ykdysadyýet - durnukly ösüşiň esasy ugry
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde, milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak arkaly durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär. Ýurdumyzyň durnukly ösüşini has-da pugtalandyrmakda ykdysadyýetiň sanly gurşawyny ornaşdyrmagyň uly ähmiýeti bardyr.
Aziýada köptaraplaýyn we köpugurly başlangyçlar durmuşa geçiriler
Türkmenistan BMG-niň işini many-mazmun we düzüm babatda sebitde durmuşa geçirilýän çäreler bilen sazlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hereket edip başlan döwründen bäri parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara ynanyşmak we düşünişmek gatnaşyklaryny saklamakda, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekde Milletler Bileleşigini sebitiň ýurtlary bilen birleşdirýän täsirli gurala öwrüldi.
Hazarýaka döwletleriň jebisligi biziň esasy güýjümizdir
Türkmenistan sebit, halkara, dünýä derejesindäki maslahatlaryň, sammitleriň geçirilýän ýurduna öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 7 – 9-njy oktýabrynda Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen iri forumlardyr medeni çäreler türkmen halkynyň hoşniýetliliginiň, dost-dogana bolan hormatynyň aýdyň beýany boldy.
Türkmenistan hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary bilen çykyş edýär
Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde döwletimiziň bu babatdaky ileri tutýan garaýyşlary sebitde ynanyşmagy berkitmek arkaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde giňden goldaw tapdy.
Baku sammiti – dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mizemez nusgasy
Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde üpjünçilik zynjyrlarynyň üýtgemegi, täze ulag ugurlarynyň gözlenilmegi, energiýa howpsuzlygyna bolan talabyň ýokarlanmagy we Aziýanyň ykdysady agramynyň artmagy Merkezi Aziýa üçin taryhy mümkinçilik döredýär. Şeýle şertlerde sebit özüniň geografik ýerleşişini diňe üstaşyr artykmaçlyk hökmünde däl, eýsem, önümçilik, söwda, logistika we maýa goýumlary çekýän ykdysady güýje öwürmelidir.
Aziýa döwletleriniň özara hyzmatdaşlygy barha berkidilýär
Baku şäherine iş saparyny amala aşyran hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine yklymda parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen möhüm halkara meýdança hökmünde garaýar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň biodürlüligi goramak boýunça ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk ygrarly bolmak bilen, BMG-niň tebigaty goramak boýunça konwensiýalarynyň, şol sanda Biologik köpdürlülik hakynda konwensiýanyň hem-de howa boýunça Pariž ylalaşygynyň düzgünlerini berjaý edýär. Ýurdumyzyň ekologiýa döwlet strategiýasy özünde milli bähbitleri ählumumy ösüş ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrýar.
Milli saglygy goraýyş ulgamynyň oňyn özgertmeleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar geljegini gurmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine eýertmek bilen, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Durnukly ekologiýa ösüşiniň bähbidine bilelikdäki taslamalar
Halkara giňişlikde Türkmenistan möhüm ekologiýa meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, şeýle hem Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipleriň yzygiderli öňe sürülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.