Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Rus dili sapaklarynyň kämil guralyşy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bilim ulgamynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän özgertmeler amala aşyrylýar. Ýaş nesliň köp dilli, giň gözýetimli we dünýä ylmyna ukyply bolup ýetişmeginde rus diliniň orta mekdeplerde okadylyşy möhüm ähmiýete eýedir. Rus dili diňe bir ders däl, eýsem ol halkara gatnaşyklarynyň, uly ylmy maglumatlaryň we baý edebi mirasynyň açarydyr.
AGAÇ KÖMELEKLERI – JANLY TEBIGATYŇ AÝRATYN DÜNÝÄSI
Tebigat biologlary, himikleri, farmakologlary we lukmanlary gyzyklandyrmaga ukyply bolan dürli maddalaryň tükeniksiz çeşmesidir. Häzirki zaman ylmy barlaglaryň köpüsi täze derman serişdelerini, mikroblara garşy materiallary we biotehnologik işläp taýýarlamalary döretmek üçin esas bolup biljek tebigy birleşmeleri öwrenmäge gönükdirilendir. Bu ugurda kömelekler aýratyn orun eýeleýär.
HUKUK BINÝADYNYŇ BERKLIGI – BAGTYÝAR DURMUŞYŇ KEPILI
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly ädimler bilen barýan eziz Watanymyzda adam manysynyň baş baýlyk hökmünde ykrar edilmegi döwlet syýasatynyň özenini düzýär.
Aziýada halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barha artýar
Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow taryhy çykyşynda sammitiň çuňňur geosyýasy we geoykdysady özgerişlikleriň döwründe geçýändigini belläp, şunda halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny nygtady.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI – MÖHÜM ÖSÜŞLERE BADALGA
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň durmuşyna sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşmagyň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu işde bagtyýar raýatlarymyza nusgalyk görelde görkezýän mertebesi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen sporty dünýäde uly üstünlikler gazanýar.
Sanly tehnologiýalar bilen döwrebap ösüş
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly baştutanlygynda başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýän milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralary hem gurulýar.
TÜRKMENISTAN SEBITIŇ EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNYŇ GORAGYNDA
Häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orun eýeleýän Türkmenistan degişli ugurda umumy tagallalara önjeýli goşant goşup, dürli ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň dürli düzümlerinde, komissiýalarynda we maksatnamalarynda alyp barýan işleri aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistan Aziýa dowletleri bilen köpasyrlyk dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy barha pugtalandyrýar
Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmagyň guralyny işläp taýýarlamagyň esasyny düzýär. Ol çuňňur taryhy kökler, milli durmuş aýratynlyklary hem-de häzirki zaman dünýägaraýyş ölçegleriniň düýpli ýörelgeleri esasynda kemala gelendir.
Ykdysady we medeni diplomatiýany ilerleden Awaza sammidi
Türkmen topragynda gadymdan gelýän myhmansöýerlik däpleriniň häzirki zaman halkara çäreler bilen utgaşmagy hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki türkmen halky üçin myhman kabul etmek diňe bir däp däl, eýsem, ynsanperwerligiň, açyklygyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň beýanydyr.
Türkmenistanyň giň gerimli hyzmatdaşlyk strategiýasy barha giňeýär
Berkarar döwletimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatynyň möhüm wakalarynyň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç günläp dowam eden hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna hil taýdan täze itergi beren halkara ähmiýetli çäreler boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.