Habarlar
Habarlar
Döwletiň we halkyň bähbidine durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen
Geçen hepdäniň wakalary Bitarap Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň nobatdaky beýany boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi bilen duşuşygy
5-nji fewral türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
5-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.
Merkezi Aziýada emeli aň: strategiýalar we geljekki meýilnamalar
Emeli aň ulgamyny ösdürmek tutuş dünýäde bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem esasy ösüş wezipeleriniň biridir. Sebitiň ýurtlary – Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Täjigistan bu ulgamy ösdürmek ugrunda dürli strategiýalaryň işlenip düzülmegine we hünärmenleriň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň gümrük edaralarynyň arasynda deslapdan maglumat alyşmaga badalga berildi
«Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertleriniň» türkmen tarapyndan gol çekildi.
Arkadag şäherinde jemagat hojalygy gulluklary üçin täze awtoulaglar gelip gowuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda jemagat hojalygy üçin satyn alnan täze tehnika bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistan bilen ÝHHG 2025-nji ýylda bilelikde 40 taslamany durmuşa geçirerler
Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi hem-de ugurdaş döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlykda 2025-nji ýyldaky taslamalaryň meýilnamasyny işläp düzdi. Oňa laýyklykda, şu ýyl 40 sany taslamany durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümetiň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde mälim etdi.
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar
Anna güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.