Habarlar
Habarlar
Türkmenistan bilen ÝB ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow anna güni Brýusselde Ýewropa komissarynyň halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça kabinetiniň başlygy Lýusi Şestakowa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
11-nji ýanwarda ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Hindistan 2040-njy ýylda Aýa kosmonawt iberer
Hindistan 2040-njy ýyla çenli hindi kosmonawtynyň Aýda gonmagyna gönükdirilen ägirt uly kosmos maksatnamasyny taýýarlady. Bu barada Hindistanyň kosmos gözleg guramasynyň başlygy Sridhara Somanath aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
“Türkmenawtoulaglary” agentligine Hytaý Halk Respublikasynyň “Yutong Bus Сo.,Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine «Yutong ZK6128HG» kysymly 700 sany awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
«Türkmentelekom» işewürlik we döwlet düzümleri üçin döwrebap hosting hyzmatlaryny hödürleýär
«Türkmentelekom» müşderilere hosting çygry boýunça toplumlaýyn çözgütleri: wirtual bölünen serwerleri (Virtual dedicated server), fiziki serwerleri (Dedicated) we maglumatlar merkezinde serwer enjamlaryny ýerleşdirmek hyzmatlaryny (Collocation) hödürlemek bilen, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeldýär. Bu hyzmatlar programma we enjam düzüm böleklerine doly administratiw gözegçilik bilen islendik göwrümli web-taslamalary netijeli ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Gazagystan Türkmenistan bilen serhetdäki awtoulag geçiriş nokadyny döwrebaplaşdyrýar
2025-nji ýylda Gazagystan üç döwlet bilen - Türkmenistan, Özbegistan we Hytaý bilen serhetdäki dokuz awtoulag geçiriş nokadyny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýär – diýip, Gazagystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.
«Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň Türkmenistanyň çägi arkaly geçýän şahasy boýunça 2 million tonna ýük daşaldy
Türkmenistanyň çägi arkaly daşalýan halkara ýükleriň möçberi yzygiderli artýar. Has takygy, 2024-nji ýylda «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň hem-de Russiýanyň çäginden geçýän Gündogar şahasynyň ugry boýunça daşalan ýükler 2023-nji ýyldakydan 3 esse töweregi artdy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Kazem Jalaliniň sözlerine salgylanyp, «TASS» ýazýar.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal we ýadygärlik nyşany dörediler
9-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi.
Türkmenistanda ýük göterijiligi 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň önümçiligine girişildi
Türkmenistanyň «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda ilkinji gury ýük gämisiniň kilini goýmak dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçirilen çärä werfiň ýolbaşçylygynyň we Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy – diýip, balkanshipyard.com.tm saýtynda habar berilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.