Habarlar
Habarlar
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy Bäherden etrabynyň “Ýyly suw” şypahanasynyň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýän bag nahallara ideg etmek boýunça bäsleşik yglan edýär
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaby bilen tanyş etdi
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.
Özbegistan 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýük ulaglary üçin ýygymlary ýokarlandyrdy
Özbegistanyň Hökümeti daşary ýurtlaryň ýük awtoulaglarynyň ýurda girmegi üçin ýygymlaryň täzelenen bahalaryny tassyklady diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär. Türkmenistanyň ulaglary üçin ýygymlar ýokarlandyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Baş arçanyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan Baş arçanyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralarynyň hormatly myhmany boldy. Bu ýerde Täze ýyl mynasybetli däp bolan dabaralaryň geçirilýän esasy merkezidir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary
Düýn Döwletliler köşgünde guralan Täze ýyl dabarasynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Hytaýda awtoulaglar üçin dünýäde iň uzyn ötügiň gurluşygy tamamlandy
Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinzýan awtonom etrabynda dünýäde iň ýokary tizlikli «Týanşan Şenli» awtoulag ýol ötüginiň gurluşygy tamamlandy. Bu barada «Sinhua» habarlar gullugy habar berýär.
Jemgyýetçilik ulaglarynyň Täze ýyl baýramy günlerindäki iş tertibi
Ilata ýokary hilli ulag hyzmatyny üpjün etmek maksady bilen, Täze ýylyň öňüsyrasynda şäher ugurlary boýunça awtobuslaryň hereketi şu tertip boýunça amala aşyrylar: awtobuslar 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 6:00-dan 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 2:00-a çenli işlär. Şeýle hem paýtagtymyzda taksileriň işi gije-gündiz düzgüninde guralar.
Türkmenistanda 2025-nji ýyl üçin çäreleriň sanawy tassyklanyldy
Türkmenstanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2025-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawyny tassyklaýan Karara gol çekdi.
Türkmen halky 2025-nji ýyly uly ynam bilen garşylady
Düýn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar halky ýetip gelen täze ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşy alýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.