Habarlar
Habarlar
166b99754abbae.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy.

166b996d01b35b.jpeg
1 ýyl ozal
“Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” işewürlik maslahatynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” Dialogynyň işewürlik maslahaty alty ýurduň wekiliýetinden 450-den gowrak wekilleri bir ýere jemledi. Ýaponiýanyň iş toparlaryna Toyota Tsusho Corporation, Mitsubishi Heavy Industries EMEA, Ltd., Mitsui & Co., Ltd ýaly iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary we menejerleri wekilçilik etdiler.

166b5a55ae2c50.jpeg
1 ýyl ozal
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy konsultatiw duşuşygy geçiriler

9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyk sebit ýurtlarynyň arasyndaky köptarplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär.

166b59a6803501.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan Moskwada geçirilen "Taksi" halkara forumyna gatnaşdy

Moskwa şäherinde XII-nji "Taksi" halkara ýewraziýa forumy geçirildi we oňa Türkmenistan hem gatnaşdy. Bu ýyllyk çäre taksi we şäheriň hereketlilik meselelerini ösdürmek boýunça kanunçylyk ulgamyna bagyşlanandyr.

166b449e97369b.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň "Deňiz söwda floty" ýük daşalşynyň möçberini artdyrýar

2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň dowamynda Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz gämilerinde 1 400 000 tonna ýüküň, 3 345 konteýnerleriň, 10 546 awtoulaglaryň daşalşyny amala aşyryp, görkezijilerini geçen ýylkydan ýokarlandyrdy. Bu barada paýdarlar jemgyýetiniň web sahypasynda habar berilýär. Diagrammanyň görkezijilerine laýyklykda, 100 müň tonna artyk ýük daşaldy.

166b4502a1cc22.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Özbegistanyň tejribesini öwrenýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti tarapyndan gümrük taýdan resmileşdirmegiň Merkezini döretmekde tejribesini öwrenmek we serhetýaka gümrük nokatlarynyň işi bilen tanyşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine gulluk iş sapary amala aşyrdy.

166b4483542388.jpeg
1 ýyl ozal
Elektron söwdasy türkmen işewürligine täze daşary ýurt bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär

Elektron söwdasy Türkmenistandaky kiçi işewürligine täze halkara bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär. Milli resminamalaryň birnäçesinde, şol sanda Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň Döwlet maksatnamasynda sanly ulgama geçmeklik ileri tutulýan ugur hasaplanylýar.

166b35262bbb23.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda iki sany täze gury ýük gämileriniň gurluşygyna girişildi

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde halkara talaplara doly laýyk gelýän iki sany täze gury ýük gämileriniň gurluşygyna girişildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

166b302fa8364f.jpeg
1 ýyl ozal
Türkiýäniň uniwersiteti Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin hünärmen taýýarlar

Türk aeronawtika birleşigi uniwersiteti Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga öz goşandyny goşar. Bu barada  Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Rahmi Er türk metbugatyna beren beýanatynda belläp geçdi.

166b30221dfe37.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň demir ýollaryň uzynlygy 5173,4 kilometre ýetýär

Demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem döwlet Baştutanymyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde goýýan wezipeleriniň hataryndadyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.