Habarlar
Habarlar
167f5f6f2aeafe.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär.

1679078b87d497.jpeg
1 ýyl ozal
MAGTYMGULY PYRAGY TÜRKMEN HALKYNYŇ BEÝIK ŞAHYRY HEM-DE AKYLDARY

Ýaňy-ýakynda biziň ählimiz üçin şatlykly, buýsandyryjy wakalaryň biriniň bolandygyny belläsimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy örän buýsandyryjydyr. Bu ajaýyp eserde akyldar şahyryň döredijiligi, milli edebiýatyň baý hazynasy hakynda aýdyň beýan edilýär.

167ed0876060b9.jpeg
11 aý ozal
PARAHATÇYLYGY HEM-DE DOST-DOGANLYGY ÖSDÜRÝÄN ÝÖRELGE

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýylyna, uly arzuw-umytlar bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basdyk. Bu ýylda türkmen döwletiniň mukaddes ýörelgeleri Gün deňinde pasyrdap, ýene dünýä ýaýylar. Muny ýurdumyzdan Ýer ýüzüne saçylýan abadançylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mähribanlyk nury diýibem häsiýetlendirse bolar.

16958ca9b5c861.jpeg
9 aý ozal
KÄMIL BILIM – BAGTLY GELJEGE ŞAMÇYRAG

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy kämil tehnologiýalaryň esasynda ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, şol sanda bilim ojaklaryna sanly ulgamy, täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk, şol sanda sanly hyzmatlary köpeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

16852409f4f197.jpeg
1 ýyl ozal
Milli medeniýetiň ösüş ugurlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň düýpli öwrenilmegi we kämilleşdirilip, halkymyza ýetirilmegi ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar.

168517556d8c75.jpeg
1 ýyl ozal
BIOLOGIKI KÖPDÜRLILIGI GORAMAK UGRUNDA TAGALLALAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär.

1685174b168616.jpeg
8 aý ozal
MILLI DEMOKRATIÝANYŇ HEM-DE KANUNÇYLYGYŇ DABARALANÝAN EÝÝAMY

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ösen döwletleriň derejesine ýetirilmegi hem-de halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

1685173f63406d.jpeg
11 aý ozal
ÝURDUMYZ PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE YNANYŞMAGYŇ MEKANY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz belent ösüşleri, rowaçly menzilleri nazarlaýan 2025-nji ýyly ýokary ruhubelentlikde, zähmet üstünlikleri, beýik ýeňişler bilen garşylady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. 2025-nji ýylda hem milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegine goşant bolan başlangyçlar ýola goýulýar.

168517328df6ac.jpeg
1 ýyl ozal
TEBIGATYŇ AJAÝYP SAZLAŞYGY

Türkmen halkynda toprak ýedi hazynanyň başy hasap edilýär. Çünki toprak ynsany diňe bir iýmitlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň saglygyny hem goraýar. Toprakda ýetişýän islendik nygmatyň düzümi ony iýýän ynsanyň saglygy bilen aýrylmaz baglydyr. Her miwäni sapagyndan ýolanyňda bimaksat ýolman, ony öz saglygyňa görä ulansaň, seniň ene topragyň hözirinden ýerlikli peýdalanandygyňdyr.

167f90b65bbf81.jpeg
11 aý ozal
ÝURDUMYZYŇ PARAHATÇYLYK HEM-DE YNSANPERWERLIK DÄPLERI DÜNÝÄ NUSGALYKDYR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan parasatly içeri hem-de daşary syýasatyň netijesinde ýurdumyz parahatçylygyň, abadançylygyň, asudalygyň mekanyna öwrülýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly kabul edilen Kararnamany agzap geçmek bolar. Dünýä ähmiýetli bu işler bilim işgärlerini hem buýsandyrýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.