Habarlar
Habarlar
Aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň wajyp ugurlary barada söhbetdeşlik geçirdiler
Ýurdumyzyň ösüşiniň berk binýady bolup hyzmat edýän sanly ykdysadyýeti yzygiderli kämilleşdirmek we bu işlere ýaşlary çekmek döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän il bähbitli, ýurt ähmiýetli syýasatynyň biri bolup durýar.
Türkmenistan halkara ýük daşamalarynda ýeňillik ýola goýdy
Halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan täze hyzmaty ýola goýdy. Indi Halkara ýol ulagynyň (HÝU) ulgamyny ýa-da TIR-EPD ulgamyny ulanýan ýük ulaglary üçin “Ýaşyl geçelgeler” doly güýjünde işleýär.
Aragatnaşykçylaryň “Altyn Asyr” futbol topary nobatdaky halkara üstünligini gazandy
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri AFK-nyň Çempionlar ligasy - 2-niň saýlama tapgyrynyň çäginde myhmançylykda Hindistanyň “Ist Bengal” toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna täze hyzmat hödürlenýär
«Türkmendemirýollary» döwlet kärhanasy gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna «USSA» mobil goşundysy arkaly ussa hyzmatlaryny hödürleýär.
Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar
"Awtomobil ulag hyzmaty" AGPJ Türkmenistanyň paýtagtynda işlemek üçin tejribeli awtobus sürüjilerini işe çagyrýar.
IRU bilen netijeli hyzmatdaşlyk: Awtomobil ulaglary pudagynda hünarmenleri taýýarlamak boýunça ähmiýetli ädimler ädilýär
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.
Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we döredijilikli ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk
30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär.
«Türkmenpoçta» ýurdumyzyň ähli künjegine ýükleriň tiz we ygtybarly eltip bermek hyzmatyny kämilleşdirýär
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çägine islendik ululykdaky we agramdaky ýükleri eltip bermekde amatly we ygtybarly hyzmaty hödürleýändigini ýatladýar.
Dünýäniň iň uzyn rallisynyň gatnaşyjylary Aşgabada geldiler
Dünýäniň iň uzyn rallisi hasaplanýan üçünji "İpek Yolu Rally" onlarça gatnaşyjysy Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. 4-nji awgustda Stambulda başlan bu halkara ýaryş Türkiýäniň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň we Moldowanyň sürüjilerini birleşdirdi.
"Türkmenaragatnaşyk" agentligi we Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy optiki kabelleriň önümçiligi barada maslahatlaşdylar
"Türkmenaragatnaşyk" agentligi günorta koreýaly LS Cable & System kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanda optiki kabelleri üpjün etmek we önümçiligini ýola goýmak meseleleri boýunça wideogepleşikleri geçirdiler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.