Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş” forumyna çagyryldy
11-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň müdiri, ilçi Atageldy Haljanow Tährandaky ECO-nyň sekretariatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Han bilen duşuşdy.
Türkmenistan Ulýanowskide geçiriljek halkara söwda-logistika maslahatyna gatnaşar
Türkmenistan “Russiýada işewürlik gurşawy” işewürlik forumynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 5-nji dekabarynda Ulýanowsk şäherinde geçiriljek “Orta Wolga – Hazar” atly halkara söwda-logistika maslahatyna gatnaşar. Ol Ulýanowsk oblastynyň häkimiýeti we “Afanasiý Nikitin” birleşigi tarapyndan guralýar.
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny berkitmek, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Bu günki gün biziň ählimiz parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň ajaýyp üstünliklerine buýsanmaga haklydyrys.
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady
Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty öz aýdyň beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
«Türkmentel – 2024»: Innowasion ösüşe täze garaýyşlar
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2024-nji ýylyň 14-16-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Al Saide we ýurduň ähli halkyna Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistan “ITTC-2024” forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
Türkmenistan 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda ulag we üstaşyr geçelgeleri boýunça III halkara maslahaty we sergini geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.