Habarlar
Habarlar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Taýlandyň port gözegçiliginiň zenan hünärmenleri tejribe alyşdylar
Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň gümrük gulluklarynyň zenan hünärmenleri Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Zenan torlarynyň Ählumumy Maksatnamasynyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň “Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça” Ählumumy Maksatnamasynyň çäklerinde gurnalan Taýlanda sapary amala aşyrdylar.
Gazagystanyň ulag ministrligi ýük awtoulaglarynyň we awtobuslaryň sürüjileriniň Iş we dynç alyş düzgüniniň berjaý edilişini gözden geçirer
Gazagystanda Awtomobil ulaglary we ulag gözegçiligi komitetiniň başlangyjy bilen sürüjileriň Iş we dynç alyş düzgünini berjaý edişlerine gözegçilik etmekligiň «Tahograf» ady bilen biraýlyk geçirilýär. Lardi.Today bu barada BAMAP Halkara awtoulag arkaly ýük daşaýjylar birleşiginiň metbugat gullugy tarapyndan çap edilen habara salgylanýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri Hatlon welaýatyndaky täze mekdebiň açylyşyna gatnaşdylar
Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. 1-nji sentýabrda — 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy.
Özbegistanda howa ulagy arkaly ýük daşamagyň möçberi artdy
2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistanda howa ulagy arkaly daşalýan ýükleriň möçberi 5,900 tonna barabar boldy. Özbegistanyň Statistika gullugyna salgylanmak bilen, bu barada «Trend» saýty habar berýär. Habarlar agentligi bu görkezijiniň 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,2% ýokarydygyny belleýär.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň açylyş dabarasy boldy.
«Turkish Airlines»: amatly syýahat üçin goşmaça hyzmatlary bronlaň
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy müşderilerine syýahatyň has amatly we şahsylaşdyrylan bolmagy üçin döredilen uçuşdan öňki we uçuşdan soňky hyzmatlaryň doly sanawy bilen tanyşmagy teklip edýär. Has anyk maglumatlar awiakompaniýanyň resmi saýtynda elýeterlidir.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.