Rubrikalar / Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Ulag-aragatnaşyk täzelikleri

Ylymly ýaşlar – Watanyň aýdyň geljegi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýeňişli menzillerini tutuş dünýä ýüzüne ýaýmakda, mähriban Watanymyzyň ösen döwlete öwrülmeginde türkmen ylmynyň gazananlary, ýeten beýik derejesi möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ylym hem bilim ulgamynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak arkaly ýaş nesli kämil düşünjeli edip terbiýelemek, ulgamy dünýä ülňülerine laýyk getirmek esasy meseleleriň hatarynda goýlup, olar üstünlikli çözülýär.

Ulag we kommunikasiýa pudagy bilimiň soňky gazananlary bilen utgaşýar
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrüň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýokary okuw mekdepleri aýratyn orna eýedir. Biziň institutymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ylmyň gazanan soňky tehnologiýalary we tehnikalary bilen üpjün edilen binalarynda amaly, tejribe otaglarynda ylmy, diplom işleri ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilendir.

KITAPLAR — PAÝHASLAR OJAGY
«Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär» diýip nygtamak bilen, milli Liderimiz kitaba uly hormat goýýar. Çünki hormatly Prezidentimiz öz döreden ajaýyp eserleri bilen halkyň kalbyna girdi. Dünýä döräli bäri, adamzat nesli nähili işleri amala aşyran bolsa, bularyň ählisi kitaplaryň gatlarynda saklanyp galypdyr.

Bilim – aýdyň geljegimiziň gözbaşy
Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler netijesinde ylym-bilim ulgamy-da örän çalt depginler bilen ösýär. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek hem-de olaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw-usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, bu ugurda sanly bilimiň döwrebap mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar.

SANLY YKDYSADYÝET — DÖWREBAP ÖSÜŞ
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly güwä geçýär.

Bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak – innowasion özgerişe badalga
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem kämilleşdirilmegi ugrunda ýurdumyzda netijeli işler giňişleýin alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRY BILEN
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda merdana pederlerimiziň dünýä giňişligine uzaýan dost-doganlyk ýollary, asyrlara şaýat bolup oturan taryhy ýadygärliklerimiz, älem-jahanda beýik ykrarnama eýe bolan milli nusgalarymyz bilen bir hatarda, türkmen gelin-gyzlarynyp asyllylygy, mertligi, edep-ekramy, ugurtapyjylygy hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

SANLY BILIM — ÖSÜŞIŇ ESASY ŞERTI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýakyn geljekde sanly ykdysadyýete geçmekde, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.

Türkmen edebiýatynyň göwher täji
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Watanymyzyň binýadyny berkidýän, il-ýurt bähbitli işleriň rowaç alýan täze eýýamy. Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim paýhasy bilen Türkmenistanyň durmuş ykdysady ýagdaýy ýokary derejede ösýär, özgerýär, ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolanymyzdan soňra, edebi mirasy öwrenmek işi düýpli ýola goýuldy.

SANLY BILIM ULGAMY – ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.