Habarlar
Habarlar
16adcf1d45e194.jpeg
6 gün ozal
«Awaza» sammiti – halkara hyzmatdaşlygyň dialogy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açyp görkezýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň eksport önümleriniň, ykdysady üstünlikleriniň sergisi halklaryň ykdysady kuwwatyny hem-de ösüşe bolan ymtylyşyny şöhlelendirdi.

16adcea8ee5b41.jpeg
6 gün ozal
Ýurdumyz Aziýa giňişliginde hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyr

Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi Aziýa giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary wekilçilikli hem-de abraýly döwletara forumdyr. Bu Geňeş syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer, şeýle hem täze wehimlere garşy durmak ýaly esasy bäş ugry öz içine alyp, köptaraplaýyn we köpugurly dialog üçin amatly meýdança bolup durýar.

16adcb71a05408.jpeg
6 gün ozal
Ýurdumyzyň ekologiýa halkara strategiýasy dabaralanýar

Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy Konwensiýalaryny tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlylyk görkezýär. Olardan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak maksady baradaky Çarçuwaly Konwensiýa, Hazar deňziniň kanuny ýagdaýy baradaky Konwensiýa, Biologiýa taýdan köpdürlilik baradaky Konwensiýa ýaly halkara resminamalaryň esasynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlygyň netijeli başlangyçlarynyň ähmiýetini hem bellemek zerurdyr.

16ad9adb9f0f6b.jpeg
1 hepde ozal
Dermanlyk ösümlikleri - saglygyň gözbaşy

Türkmenistanyň Prezidenti raýatlaryň saglygy barada yzygiderli aladalar edýär. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy, saglygy dikeldiş şypahanalarynyň durky täzelenilip, olaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi, sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz adamlaryň saglygyny berkitmekde we dikeltmekde derman ösümlikleriniň hem uly ähmiýete eýedigini hemişe nygtap geçýär.

16ad9957bd3420.jpeg
1 hepde ozal
Aziýada köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen sammit

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dostlukly, netijeli döwletara gatnaşyklary, şeýle-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat ugruny ynamly dowam edýär.

16ad88b6d17b85.jpeg
1 hepde ozal
Dialog – umumy adamzat bitewiliginiň ýoly

Bilşimz ýaly, ýakynda Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, yzysüre bolsa GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu sammitler olara gatnaşýan döwletleriň Garaşsyzlygynyň, şol sanda GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçýändigi bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe boldy.

16ad884ee5db7d.jpeg
1 hepde ozal
Şypahana hyzmatlarynyň guwandyryjy sepgitleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berk binýadyny goýan, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde belent sepgitlere, uly üstünliklere ýetilip, soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ýurdumyzda häzirki zaman şypahanalary guruldy.

16ad8629d8f3c4.jpeg
1 hepde ozal
Sag­dyn nes­il - sag­dyn jem­gy­ýe­t

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän  «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar.

16ad84f074aa04.jpeg
5 gün ozal
Sanly ykdysadyýet - durnukly ösüşiň esasy ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde, milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak arkaly durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär. Ýurdumyzyň durnukly ösüşini has-da pugtalandyrmakda ykdysadyýetiň sanly gurşawyny ornaşdyrmagyň uly ähmiýeti bardyr.

16ad798c1811e5.jpeg
1 hepde ozal
Aziýada köptaraplaýyn we köpugurly başlangyçlar durmuşa geçiriler

Türkmenistan BMG-niň işini many-mazmun we düzüm babatda sebitde durmuşa geçirilýän çäreler bilen sazlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hereket edip başlan döwründen bäri parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara ynanyşmak we düşünişmek gatnaşyklaryny saklamakda, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekde Milletler Bileleşigini sebitiň ýurtlary bilen birleşdirýän täsirli gurala öwrüldi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.