Habarlar
Habarlar
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar
Ýurdumyz parahatçylygy, daşky gurşawy we durnuklylygy üpjün etmek, umumy abadançylygyň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ägirt uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň Baku şäherinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
Awaza sammiti - netijeli halkara gatnaşyklara badalga
Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda iri sebitleýin we halkara guramalary bilen hoşniýetli, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge yzygiderli üns berýär. Şeýle abraýly sebitleýin guramalaryň biri hem üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň başlyklyk etmeginde ähmiýeti barha artýan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bolup durýar.
BAGTYÝAR GELJEGIŇ EÝESI ÝAŞLAR
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi döwletimizde durmuşa geçirilýän her bir işiň maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär.
«Awazada» geçirilen taryhy ähmiýetli halkara çäreler
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ösüşler gazanylýar. Jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklanylýar. Türkmenistan sebit, halkara, dünýä derejesindäki maslahatlaryň, sammitleriň geçirilýän ýurduna öwrüldi.
Köpasyrlyk dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň gatnaşyklary
Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň ýurtlary bilen deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarly bolmagynda galýar. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär. Türkmenistan GDA agza döwletler bilen gatnaşyklary köpasyrlyk dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň esasynda yzygiderli ösdürmek bilen, özara hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça döredijilikli başlangyçlary öňe sürýär.
Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny täze belentliklere galýar
Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki, şeýle hem Ermenistan Respublikasynda geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşlarynda öňe süren teklipleridir başlangyçlary Türkmenistanyň adamzadyň röwşen geljegi üçin tagallalary birleşdirmäge goşant goşýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.
Awaza duşuşyklary – giň gerimli hyzmatdaşlyga badalga
Häzirki döwürde halkara syýasat döwletara gatnaşyklarda çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli çemeleşmeleri talap edýär. Awaza duşuşyklary dostlukly döwletleriň döwrüň möhüm meselelerini hut şeýle ýörelgeler esasynda çözmäge ygrarlydyklaryny tassyklady. Döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasynda Awazada syýasy çözgütleriň aň-paýhas, tehnologik we medeni-ynsanperwer binýadyny goýan çäreleriniň tutuş toplumy ýaýbaňlandyryldy.
Saglygy goraýyş ulgamyndaky tagallalar
Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar.
Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmekde Türkmenistanyň orny
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr.
Baku sammiti – sebitleýin hyzmatdaşlygyň, tejribe alyşmagyň nusgasy
Häzirki döwürde yklymyň döwletleri dünýäniň durnukly ösüşiniň, ykdysady abadançylygynyň we ekologiýa howpsuzlygy ugrunda uly tagallalary edýär. Garaşsyz Türkmenistan bolsa yklymlary birleşdirýän, halklary ýakynlaşdyrýan, döwletleriň arasynda özara ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan halkara başlangyçlaryň möhüm merkezleriniň birine öwrülýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.