Habarlar
Habarlar
166ea59c4cd69f.jpeg
1 ýyl ozal
German kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler

Ýakynda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. 

166ea656e54060.jpeg
1 ýyl ozal
Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisiniň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş sapary

Ýakyynda Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisi we Ilçihananyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň dowamynda myhmanlar zawodyň önümçilik mümkinçilikleri we kuwwaty bilen tanyş boldular. Zawodyň wekilleri tarapyndan häzirki wagtda alnyp barylýan taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berildi.

166e91696af097.jpeg
1 ýyl ozal
IRU we Türkmenistan awtoulag boýunça ýol kartasyny döretmek barada ylalaşdylar

IRU we Türkmenistan sentýabr aýynda awtomobil ulaglary boýunça ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan ýokary derejedäki gepleşikleri geçirip, bu pudagyň ösdürilmeginiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

166e9142faf4e3.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda täze ýokary tizlikli “Sarahs-Mary-Serhetabat” awtoulag ýoluny gurmak meýilleşdirilýär

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy “Sino Gidro Bureau 12. Co., Ltd.”-iň Ýewraziýadaky wekilhanasy bilen “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin strategiki şertnama baglaşdy.

166e91f9d011ba.jpeg
1 ýyl ozal
Aşgabatda sanly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitara dialogy geçirmek teklip edilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň düýn sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. 

166e90af17dc8d.jpeg
1 ýyl ozal
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 13-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

166e9099f04a6f.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 73,5 göterim ýokarlandy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy görnetin ýokarlandy. Bu barada “Trend” habar berýär.

166e7cc4a310d3.jpeg
1 ýyl ozal
GDA agza döwletler demir ýol ulaglarynyň strategiki ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň demir ýol ulaglary geňeşiniň demir ýol ulaglaryny strategiki ösdürmek boýunça komissiýasynyň on ýedinji maslahaty geçirildi. Maslahat tehnologiki aragatnaşyk ulgamyny (TAU) ulanmak arkaly gibrid görnüşinde geçirildi. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berdi.

166e7caa21a2b4.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň okuwy guralar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 13-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

166e7c9ad165db.jpeg
1 ýyl ozal
“Türkmenhowaýollary” agentligi bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň “Ýyly suw” massiwiniň töwereginde ýerleşýän bag nahallara ideg etmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.