Habarlar
Habarlar
«Ýüpek ýoly ― 2024» rallisi: türkmen sürüjileri öňdebaryjylaryň hatarynda
5-nji iýulda «Ýüpek ýoly» halkara rallisine badalga berildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, oňa türkmenistanly sürüjiler hem gatnaşýar. 11 günläp dowam etjek ýaryş 15-nji iýulda Mongoliýanyň paýtagty Ulanbator şäherinde tamamlanar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Serhetsiz logistika: Aşgabatda Hytaý bilen ýük daşamak pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabatda «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň wekilleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şandun prowinsiýasynyň esasy logistika operatory bolan «Shandong Hi-Speed Qilu Eurasia Railway Logistics Co.» logistika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi.
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Aşgabada bolan saparym mahalynda maňa we meniň wekiliýetime bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň bitaraplyga ygrarlydygyna mynasyp baha berilýär.
Ählumumy awiasiýa ýük dolanyşygynyň ösüş depgini 14,7%-e ýetdi
Ählumumy raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy 2024-nji ýylyň maý aýynda ösüş depginine eýe boldy. Şeýlelikde, Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) synyna görä, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,7%-e ýetdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi
17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet, gümrük, migrasiýa we ulag wekilleriniň duşuşygy geçirildi
Ýakynda Türkmen-eýran serhediniň eýran bölegindäki «Lotfabad» gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi.
Adam baradaky alada — Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň möhüm ugry
Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Netijede, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgama geçmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly 2024» rallisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
«Ýüpek ýoly 2024» rallisine badalga bermek dabarasy 5-nji iýulda agşam Tomskda geçirildi. Bu ýerde on günüň dowamynda bäş müň kilometri külterlejek we ýaryşy Mongoliýanyň paýtagtynda tamamlajak ekipažlar tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.