Rubrikalar
Rubrikalar

Sanly ykdysadyýet – aýdyň mümkinçilikler
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, elektron senagatyny kämilleşdirmekde, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde netijeli işleriň durmuşa ornaşdyrylýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Bilimli ýaşlar - kuwwatly Watan
Hemme zatdan ozal ylym düşünjesiniň many-mazmunyna, wajyplygyna, aýratyn hem ýaşlaryň göz ýetirmeklerini, düýpli düşünmeklerini gazanmak häzirki döwrüň wajyp wezipesi bolup durýar. Ylmy ösüşleri belentden-belent derejelere çykarmak üçin, türkmen halkynyň dünýä ýurtlary bilen bu pudaga dahylly bolan ugurlar boýunça ugurdaş gitmegi Garaşsyz baky Bitarap döwletimizde häzirki durmuşy we geljekki ykbaly üçin örän wajypdyr.

Ýaşlar Watanymyzyň geljegidir
Hemme zatdan ozal ylym düşünjesiniň many-mazmunyna, wajyplygyna, aýratyn hem ýaşlaryň göz ýetirmeklerini, düýpli düşünmeklerini gazanmak häzirki döwrüň wajyp wezipesi bolup durýar. Ylmy ösüşleri belentden-belent derejelere çykarmak üçin, türkmen halkynyň dünýä ýurtlary bilen bu pudaga dahylly bolan ugurlar boýunça ugurdaş gitmegi Garaşsyz baky Bitarap döwletimizde häzirki durmuşy we geljekki ykbaly üçin örän wajypdyr.

Aşgabadyň waspy dillerde dessan
Her ýylyň maý aýynyň 25-ne Aşgabat şäheriniň güni we «Soňky jaň» dabarasy uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Aziýanyň dür-merjeni, ak şäherimiz Aşgabadyň waspy bu gün şygyrlarda, aýdymlarda, ajaýyp eserlerde belentden ýaňlanýar. Ýurdumyzdaky medeni-durmuş maksatly binadyr desgalaryň birnäçesi paýtagtymyzyň adyny buýsanç bilen göterýär.

Häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň möçberli döwlet syýasaty netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýet - durnukly ösüşiň esasy ugry
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde, milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak arkaly durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär.

KÄMIL ÝAŞLAR – KUWWATLY WATAN
Döwletimizde taryhy ähmiýete eýe bolan syýasy-jemgyýetçilik wakalaryň halkymyzyň agzybirliginde geçirilmeginiň özboluşly manysy, ilkinji nobatda, halkymyzyň milli häsiýetinde, jemgyýetimiziň her bir agzasynyň ertirki gününe bolan uly jogapkärçiliginde hem-de geljege bolan berk ynamynda jemlenýär. Şunda, hususan-da, döwlet berkararlygyny gözüniň göreji ýaly görýän ýaşlara, ertirki Watan eýelerine aýratyn ornuň degişlidigi bolsa buýsanmaga mynasyp hakykatdyr.

SAZLAŞYKLY IŞLERIŇ AÝDYŇ NETIJESI
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesle berilýän bilimiň hili ýokarlandyrylýar we halkara ülňülerine laýyk ýola goýulýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerimiziň dünýäniň öňdebaryjy ýurtlaryndaky ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizilmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar.

BILIM — KÄMILLIGIŇ NURANA ÝOLY
Ata Watanymyzyň beýik geljegi şu günki nesliň aljak bilim-terbiýesi bilen baglanyşdyrylýar. Şol sebäpden hem ýaş nesle bilim we terbiýe berlişiniň hil derejesini barha ýokarlandyrmak alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň esasyny düzýär. Häzirki döwürde döwletiň ylym-bilim ulgamy ýurduň ösüşiniň guralydyr. Biziň ýaşaýan jemgyýetimizde adamlaryň bilime bolan höwesi, ylymda täze oýlap-tapyşlara bolan ymtylmalar has-da ösýär we kämilleşýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.