Habarlar
Habarlar
16944173072442.jpeg
10 aý ozal
Dil baýlagym – il baýlygym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim we ylym ulgamynda düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda okatmagyň iň kämil usullary, döwrebap ugurlary durmuşa geçirilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sapakda kompýuter enjamlary, multimedia tehnologiýalary giňden peýdalanylýar.

169e3857018d58.jpeg
6 aý ozal
HALK BÄHBITLI IŞLER BAGTYÝAR DURMUŞA BADALGA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti barha kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetimizi düýpli ösdürmek möhüm ugurlaryň biridir.

169440364e80ba.jpeg
2 hepde ozal
Sagdyn iýmitlenmegiň peýdasy

Sagdyn bolmak üçin dogry iýmitlenmek gerek. Şol sebäpden adamlara dürli mikroelementlere baý bolan tebigy iýmitler möhüm bolup durýar. Soň­ky ýyl­lar­da sag­dyn dur­mu­şy nä­dip üp­jün edip bol­jak­dy­gy we adam öm­rü­ni nä­dip uzalt­ma­ly­dy­gy ba­ra­da köp göz­leg iş­le­ri ge­çi­ril­di. Şon­da dog­ry iý­mitlen­me­giň, zy­ýan­ly iý­mit­ler­den daş­da dur­ma­gyň, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy.

169ddf49e828fe.jpeg
6 aý ozal
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.

16944022f8d48c.jpeg
10 aý ozal
Halkymyzyň saglygyny goramak - baş maksadymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy ýokary depginde ösdürilýär. Çünki ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmeklerini gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

169ddc372709c6.jpeg
1 aý ozal
ÝYLYŇ ŞYGARY – TÄZE ÖSÜŞLERE BADALGA

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz milli Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär. 2026-njy ýyly «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýyly diýip yglan edilmegi ýurdumyzyň belent ösüşlerine has-da badalga berdi.

16944009f9b1ea.jpeg
10 aý ozal
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär

Gahryman Arkadagymyzyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynda lukmançylyk we ylmy diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ilerletmek arkaly Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklaryň giňeldilýändigine aýratyn üns berilýär.

169dbbcb0a3ddf.jpeg
6 aý ozal
DÖWÜR BILEN AÝAKDAŞ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty bilen başy başlanan we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen üstünlikli dowam etdirilýän hukuk özgertmeleriniň, milli kanunçylygymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek bilen baglanyşykly işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

16943fed6631d3.jpeg
10 aý ozal
Sport — sag­dyn bol­ma­ga iter­gi ber­ýän güýç

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň çar kün­je­gi şat­lyk-şow­hu­na, şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler şan­ly wa­ka­la­ryň buş­luk­çy­sy bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni we spor­ty ös­dür­mek me­se­le­si döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di.

169d88e7b9dd61.jpeg
6 aý ozal
GELJEGIŇ KÄMIL BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda milli bilim ulgamy düýpli özgerişleri başdan geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň başlangyç basgançakdan başlap kämil bilim almagy döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.