Habarlar
Habarlar
Ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
15-nji dekabrda paýtagtymyzda ýakymly we uzak garaşylan Täze ýyl baýramynyň hormatyna däp bolan dabaralaryň başlanýandygyny alamatlandyrýan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Asylly däbe görä, Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança her ýylda geçirilýän dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi.
ÝURDUŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ KEPILI
Hormatly Prezidentimiz: “Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir” diýip, halkymyzyň parahat, asuda, bolelin durmuşyny goramagy ýurdumyzyň syýasatynyň esasy maksady hökmünde kesgitledi.
NESIL TERBIÝESINDE MILLILIK ÝÖRELGELERI
Türkmen halkynyň milli terbiýesi asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Ýaşlara watansöýüjilik ruhunda bilim-terbiýe bermäge aýratyn ähmiýet beren türkmen halky nesil terbiýesiniň kämil mekdebini kemala getiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, nesil terbiýesine üns bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
HUKUK KÄMILLIGI WE DÖWREBAP HYZMATLAR
Mähriban Watanymyz Türkmenistan taryhy ösüşleriň täze, synmaz belentliklerine ynamly gadam basýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşyny kepillendirýän kämil hukuk ulgamyna we döwrebap sanly tehnologiýalara daýanýar. Halkymyzyň asyrlar boýuň süzülip gelen parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik we agzybirlik ýörelgeleri häzirki zaman döwlet syýasatymyzyň esasy özeni bolup durýar.
DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ YGTYBARLY BINÝADY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň hili we mazmuny yzygiderli kämilleşdirilýär.
HALKARA HUKUGYNDA MÖHÜM BAŞLANGYÇ
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Täze ýyl arçasy nuruny saçdy
Bagtyýar halkymyz ýene-de sanlyja günlerden agzybirlikde we jebislikde uly şatlyk-şowhun, dabara bilen täze — 2026-njy ýyly garşylar. Şoňa görä-de, 15-nji dekabrda paýtagtymyzda ýakymly we uzak garaşylan Täze ýyl baýramynyň hormatyna däp bolan dabaralaryň başlanýandygyny alamatlandyrýan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi.
PÄHIMDAR PEDERLERIŇ ARZUWY
Garaşsyzlyk – bu eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 35 ýylynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda orun aldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşýar.
Täze ýyl şowhunlary
Ýakynda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde Täze ýyl baýramynyň hormatyna ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Ýaşyl donly arçalaryň dürli öwüşginleri merjen şäherimiz Aşgabadyň görküne görk goşýar.
Garaşsyzlyk — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ ÝOLY
Häzirki wagtda Günüň ýagty şöhlesi bilen bezenýän, parahatçylygyň we durnuklylygyň mekanyna öwrülen ata Watanymyz Türkmenistan şanly taryhynyň täze bir belent tapgyryna - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk beýik toýuna buýsançly hem-de uly zähmet ýeňişleri bilen gadam basýar. Bilim ulgamynyň işgäri hökmünde bu beýik toýy garşylamak, ýaş nesillere mukaddes ata Watanymyza bolan söýgini we il-günümize bolan wepalylygy öwretmek biziň üçin çäksiz mertebedir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.