Habarlar
Habarlar
166ff7a803579d.jpeg
2 ýyl ozal
Eziz Watan beslenýär bagy-bossana

Bu gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär. Diýarymyz ýaşyl zolaklara bürenip, bazarlarymyz arassa azyk önümleri bilen doly üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bimöçber aladalary bilen, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak, şol sanda her ýylda yzygiderli bag nahallaryny ekmek arkaly ýaşyl zolaklaryň çägini giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

162b77a36472af.jpeg
3 ýyl ozal
Ömrümiñ manysy ömürlere dowam

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylymyzda ýurdumyz möhüm ähmiýetli taryhy özgertmeleri başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň uly ynamy bilen döwlet Baştutany wezipesine saýlanmagy ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn waka bolup, eziz Diýarymyzyň ösüşiň täze eýýamyna gadam goýýandygyny aňlatdy.

1635edae7ae015.jpeg
3 ýyl ozal
Gymmaty kemelmeýän gollanma

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz aýynda bitirilen işleriň jemlerine we öňde duran wezipelere bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň buşlan hoş habary göwnümizi ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işiniň 14-nji jildiniň çap edilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen bir hatarda ähli watandaşlarymyzy begendirdi.

164607482a01e1.jpeg
3 ýyl ozal
WATANYMYZYŇ SÜŇŇI HALAL, DOGRUÇYL, AGZYBIR ÝAŞLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar.

1609a95c172f6a.jpeg
3 ýyl ozal
Ady aýdyma öwrülen, Aşgabat!

Taryhda «Aşyklaryň şäheri», «Yşkyň şäheri» diýlip tanalan Aşgabat şäheri gözelligiň, asudalygyň, bagtyýarlygyň nusgasy bolupdy. Paýtagtymyzyň bu günki ajaýyp keşbi bolsa parahatçylygyň, aklygyň, ösüşlere tarap galkynmagyň nyşanyna öwrüldi. Aşgabat şäheri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda birek-birege dostluk gollaryny uzadan ýurtlaryň parahatçylyk hakynda söhbetleşýän, parahatçylyk hem ynanyşmak atly beýik ýörelgeleriň güzer edinen ýerine öwrüldi.

164607d78ec3ee.jpeg
3 ýyl ozal
Beýik döwrüň binagärlik sungaty ― Arkadag şäheri

Milli Geňeşiň Mejlisiniň taryhy karary bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we ony «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilmegi halkymyzyň ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza buýsanjyny has-da artdyrdy.

1646c561931753.jpeg
3 ýyl ozal
OBA HOJALYGYNDA SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ ORNY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy uly täsirini ýetirýär. Amala aşyrylýan bu taslamalar ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, olary öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmaga itergi berýär.

1646c58ecb1595.jpeg
3 ýyl ozal
Aşgabat - Aziýanyň merjen şäheri

25-nji maýda bagtyýar halkymyzyň «Aziýanyň dür Merjeni», «Dost-doganlyk merkezi» diýip wasp edýän ak şäherimiz Aşgabadyň güni giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly pähim-paýhasy, binagärlik sungaty bilen ähli babatda dünýäde ak şäher hökmünde adygan gözel paýtagtymyz aýdymlaryň gözbaşy, sazlara sözbaşy, nepislige naýbaşy bolup kalbymyza ylham, ýüreklerimize joşgun berýär.

169f86bf85c418.jpeg
5 aý ozal
IKI MUKADDESLIK

Mukaddeslikler birleşende ýurduň binýady pugtalanýar, beýik maksatly işler has-da dabaralanýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy – ýurduň özbaşdaklygyny, özygtyýarlygyny, asudalygyny, halkyň agzybirligini, jebisligini, binýadynyň berkligini, mizemezligini aňladýan mukaddes resmi nyşandyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy bolsa, halkyň agzybirliginiň, erkinliginiň, milli garaýşynyň we ruhy gymmatlygynyň mizemez girewidir. Garaz, bu goşa mukaddeslik bir bitewi jandyr, göwredir.

1646083660dce9.jpeg
3 ýyl ozal
Ýaşlar bilen ýagty ertirlere ynamly barýarys

Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. Ýagşy niýetler, uly arzuw-umytlar bilen garşylan täze, 2023-nji ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bolsa biz — ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgimizi we döredijilikli zähmet çekmäge yhlas-höwesimizi has-da artdyrdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.