Rubrikalar / Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
16548acf67f116.jpeg
2 ýyl ozal
Bag ekmek — geljek hakda alada

Häzirki ajaýyp döwrümizde asylly ýörelgeler mynasyp dowam edýär, uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle asylly ýörelgeleriň biri hem bag nahallaryny oturtmakdyr, tebigatyň gözelligine goşant goşmakdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli işleriň özara sazlaşygy ösüşleriň netijeliligini görkezýär.

165408cc66c606.jpeg
2 ýyl ozal
Maglumat howpsuzlygynyň kanunçylyk binýady

Maglumaty dürli görnüşde we usulda ulanmak arkaly, garşy tarapyň hyzmatdaşlaryny, tarapdarlaryny azaltmak, ýolbaşçylygynyň kabul edýän çözgütlerine täsir ýetirmek, agzyny alardyp güýçlerini bölmek, duşman urşujylarynda gorky we howsala döretmek, olarda ýeňşe bolan ynamyň hem-de goşuna berilýän goldawyň derejesini peseltmek ýaly maksatlara ýetilipdir.

16930048030ff3.jpeg
2 aý ozal
Bilimli ýaşlar — beýik we aýdyň geljek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatly ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy hormatly Prezidentimiziň aýdyň maksatly beýik işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapdy.

16561bde68e49f.jpeg
2 ýyl ozal
Merkezi Aziýa sebitinde “TIR-EPD” ulgamy “ASYСUDA Wold” awtomatlaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda ulag ulgamyny barha ösdürmek babatynda köp işler amala aşyrylýar.

16593fcba3a46a.jpeg
2 ýyl ozal
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär.

165970720dd953.jpeg
2 ýyl ozal
Bitaraplyk, bagtyýarlyk buýsanjym

​​​​​​​Ýigrimi sekiz ýyl ýazyp taryha şöhrat, Bitaraplyk, bagtyýarlyk buýsanjym, Gündizler abadan gijeler rahat, Bitaraplyk, bagtyýarlyk buýsanjym.

16939b2689716e.jpeg
1 aý ozal
YLYMLY-BILIMLI ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ DAÝANJY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgelerine eýerilip, bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meseleleri üns merkezinde saklanýar.

165646669aaa57.jpeg
10 aý ozal
Sport — güýç-kuwwatyň özenidir

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesi esasynda alyp barýan daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýar.

1676b029473294.jpeg
1 ýyl ozal
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASY – GÖRELDE MEKDEBIDIR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň meselesi, mertebesi, onuň ahlak häsiýetleri özüniň möhümligi bilen häsiýetlenýär. Çünki ýaş nesliň mertebesi, onuň jemgyýetde tutýan orny onda bilim, ahlak, ruhy-edep gymmatlyklarynyň jemlenmegi bilen baglanyşyklydyr. Ynsan ahlagy, edep-terbiýesi bilen baglanyşykly meseleler biziň edebiýatymyzyň taryhynda, edebi mirasymyzda hem aýratyn orny eýeleýär.

16594e57579783.jpeg
2 ýyl ozal
ÝAŞLYK — ÖMRÜŇ BAHARY

Berkarar Watanymyz ösüşli ýollarda okgunly öňe barýar we ähli ugurlarda guwandyryjy sepgitlere eýe bolýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen şanly ýylyň ösüş-özgertmeleri hem şeýle diýmäge esas berýär. Tamamlanan ýylda bilim ulgamynda hem köp işler amala aşyryldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.