Rubrikalar / Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Beýik maksatlar — aýdyň ösüşlere badalga
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýokary netijeler gazanylýar. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamynda ýetilýän sepgitler hem her birimizde buýsanç döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär.
ARKADAGLY ÝURDUMYZDA ÝAŞLAR BAGTYÝAR
Bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde, olaryň milli ruhda terbiýelenmegini, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegini gazanmakda zerur şertler döredilip, bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Ol işler ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary ýüze çykarmakdan, ýaş nesilde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi kemala getirmekden gözbaş alýar.
BAŞARJAŇ HÜNÄRMENLER ÝURDUŇ GELJEGIDIR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýaşlara döredilýän mümkinçilikleriň gerimi has-da giňeýär. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegine uly mümkinçilikleri döredýär.
TÜRKMEN MILLI GÖREŞI
Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri türkmen milli göreşi toýlaryň bezegi hasaplanypdyr. Uly-uly toýlara alysdan we ýakyndan pälwanlar çagyrylypdyr. Türkmen halkynyň köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli göreşi halkyň durmuşynda biçak uly ähmiýete eýe bolupdyr. Muňa edebi mirasymyza ser salanymyzda hem göz ýetirýäris.
Söz ussady Magtymguly Pyragy
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda häsiýetlendirilýän mert ýigide gylyçdan beter ahlak, ynsan ölçegleri mahsusdyr. Bu ýerde mertlik diýen düşünje täze many-mazmuna eýedir: “Mert göwnünde daýym namys-ar artar...” Mertlik – durmuşdaky adam gatnaşyklarynyň hadysasy. Akyldaryň mertlik düşünjesinde harby many ikinji orunda bolup, birinji orunda ruhy-ahlak gymmatlyklary durýar.
Ýaşlar Watanymyzyň kuwwaty we geljegi
Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. Munuň şeýledigine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara berilýän uly üns-aladanyň, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde döredilýän giň mümkinçilikleriň we amala aşyrylýan ägirt uly işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.
Maglumat tehnologiýalary bilen döwrebap ösüşe tarap
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň bize eçilen mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrylýar. Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berýär.
Bilimli ýaşlar — Watanyň daýanjy we berkararlygyň binýady
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara döwrebap usulda bilim bermek, ylmy gözleglere ugrukdyrmak, saýlap alan hünäriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerini üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Bu asylly işe örän jogapkärli çemeleşýän bilim işgärleriniň alyp barýan işlerini bellemek gerek.
Täze eýýamyň bilimli ýaşlary
Şu ýylyň 31-nji oktýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.
ÝAŞLARYŇ KÄMILLIGI – ÝURDUMYZYŇ BERKARARLYGY
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, beden taýdan sagdyn ösmegi, giň gözýetimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply we zehinli ýaş nesillere bagly bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.