Rubrikalar / Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Milli manadyň dolanyşyga girizilmegine 30 ýyl
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, döwletliligimiziň esasy nyşanlarynyň biri-de milli manadymyzdyr. Şu ýyl milli manadyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl dolýar. Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýurtda kabul edilen Kanuna laýyklykda, ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady we onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi.
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASY – GÖRELDE MEKDEBIDIR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň meselesi, mertebesi, onuň ahlak häsiýetleri özüniň möhümligi bilen häsiýetlenýär. Çünki ýaş nesliň mertebesi, onuň jemgyýetde tutýan orny onda bilim, ahlak, ruhy-edep gymmatlyklarynyň jemlenmegi bilen baglanyşyklydyr. Ynsan ahlagy, edep-terbiýesi bilen baglanyşykly meseleler biziň edebiýatymyzyň taryhynda, edebi mirasymyzda hem aýratyn orny eýeleýär.
ÝAŞLYK — ÖMRÜŇ BAHARY
Berkarar Watanymyz ösüşli ýollarda okgunly öňe barýar we ähli ugurlarda guwandyryjy sepgitlere eýe bolýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen şanly ýylyň ösüş-özgertmeleri hem şeýle diýmäge esas berýär. Tamamlanan ýylda bilim ulgamynda hem köp işler amala aşyryldy.
Bitaraplyk, bagtyýarlyk buýsanjym
Ýigrimi sekiz ýyl ýazyp taryha şöhrat, Bitaraplyk, bagtyýarlyk buýsanjym, Gündizler abadan gijeler rahat, Bitaraplyk, bagtyýarlyk buýsanjym.
Sanly ulgam — özgerişlere barýan ýol
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar.
Beýik söz ussadynyň ebedi sarpasy
Gadam basylan 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy her birimizde çäksiz buýsanç we şatlyk duýgusyny döredip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar şahyrymyza goýulýan hormat-sarpanyň has belent derejelere göterilendigini dabaralandyrdy.
YLYMLY-BILIMLI ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ DAÝANJY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgelerine eýerilip, bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meseleleri üns merkezinde saklanýar.
RAÝAT AWIASIÝA PUDAGY BARHA KUWWATLANÝAR
Ýurdumyzda alnyp barylýan ulag diplomatiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan, häzirki wagtda bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümi çalt kemala getirmek bilen baglylykda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça görülýän anyk we netijeli çäreler diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem, ösüşiň sebit ýörelgelerine hem güýçli itergi berdi.
Türkmeniň beýik şahyry, akyldary Magtymguly Pyragy
Bellibir senelerde geçen günleriň wakalaryna göz aýlap, şol döwrüň taryhyň nazaryýetinde nähili yz galdyrandygyna syn bermek, täze menzillere ýelken açmak däp bolup galypdyr. Ine, taryha giren 2023-nji ýylyň möhüm wakalaryna göz aýlanymyzda-da, bu gysga döwürde ýurdumyzyň taryhynda öçmez yz galdyran üstünlikleriň gazanylandygyny buýsanç bilen belleýäris.
Sözüň ussady – Magtymguly Pyragy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary ösüşler üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy taýdan içgin öwrenilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.