Rubrikalar
Rubrikalar
Zehinli ýaşlara buýsanç
Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän işler pähimli pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp durmuşa geçirilýär.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, dynç alyş we döredijilik merkezleri gurulýar.
Ylymly-bilimli ýaşlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman erdarymyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Bu gün bedew bady bilen öňe barýan, gülläp ösýän ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere ýaşlar mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Döwrebap bilim — başarjaň hünärmen
Bilim ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmaga esaslanýan maksatlaýyn hem ulgamlaýyn işleriň binýadydyr. Döwlet Baştutanymyz ýurduň ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, iň täze tehnologiýalaryň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösüşiniň özeni bolmalydygyny nygtaýar.
Bagtyýar ýaşlara belent buýsanjyň beýany
Durmuşyň, ýaşaýşyň gözelligi ýaşlykda, ýaşlyk joşgunynda jemlenendir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şeýle joşgunly ýyllaryň biri boldy. Düýn paýtagtymyzda ýokary ruhubelentlikde şanly ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy maslahat hem-de sergi muny aýdyňlygy bilen tassyklady.
Bilimli ýaşlar — Watanyň daýanjy we berkararlygyň binýady
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara döwrebap usulda bilim bermek, ylmy gözleglere ugrukdyrmak, saýlap alan hünäriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerini üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Bu asylly işe örän jogapkärli çemeleşýän bilim işgärleriniň alyp barýan işlerini bellemek gerek.
Bag — durmuşyň bezegi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň tebigatyny aýawly saklamak we ony geljekki nesillere ýetirmek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Şeýle asylly ýörelgeleri dowamata öwürýän beýik işleriň biri-de ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň giň gerime eýe bolmagydyr.
Bilim ulgamynda döwrebap mümkinçilikler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilime aýratyn üns berilýär, sanly bilim ösdürilýär. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmagy üpjün edilýär. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi öňe çykarylýar.
TARYHY ÝADYGÄRLIKLER — BUÝSANÇLY MIRASYMYZ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi ýurdumyzda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, öwrenmek we saklap galmak meseleleri bilen meşgullanýar, onuň üstüne Türkmenistanyň Kanunlaryndan gelip çykýan milli taryhy hem-de medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak boýunça ýörite ygtyýarly döwlet edarasynyň wezipesi ýüklenendir.
Ýaşlar hakynda alada
Gülläp ösýän Diýarymyzda bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, umuman, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaşlar baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.