Rubrikalar
Rubrikalar

Bilimli ýaşlar buýsanjymyzdyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgelerine eýerilip, bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meseleleri üns merkezinde saklanýar.

ÝAŞLARA GYMMATY EGSILMEJEK SERPAÝ
Beýik ýeňişlere, uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şatlykly günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi il-ulsumyzyň göwnüni galkyndyryp, kalbyny buýsanja besledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eseri Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda türkmen ýaşlary üçin gymmaty egsilmejek serpaýdyr.

Bilimli ýaşlar – ýurdumyzyň ýagty geljegi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň kuwwaty yzygiderli berkidilýär. Döwletiň we jemgyýetiň sütüni ylymdan hem bilimden bina edilende, onuň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösjekdigini berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda görýäris. Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň we medeniýetiň ösen ojagy hökmünde meşhurdyr.

Sanly ykdysadyýet – ösüşleriň özeni
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler aýratyn orun eýeleýär.

BILIM — BAGTYŇ ÇYRAGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşlere beslenýän, dürli ugurlarda we ulgamlarda öňegidişlikleriň, belent sepgitleriň gazanylýan, türkmen halkyna ýeňişleriň baky ýaran bolýan ajaýyp eýýamy. Çünki halkyň başynda ak arzuwly ertirlere ýeňişli ýollar bilen ynamly öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar.

NESILLER UNUTMAZ, ÇYKARMAZ ÝATDAN
Dünýä taryhynda iň pajygaly we aýylganç 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda halkymyz bu mukaddes ýörelgelere eýerip, müňlerçe türkmenistanly ýigitler doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, edermenligiň hem-de gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler.

Geçmişiň şöhraty — geljegiň buýsanjy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uruş we zähmet weteranlarynyň sarpasynyň belentden tutulmagy hem-de uruşda wepat bolanlaryň maşgalalarynyň maddy-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy Watan üçin jan beren edermen gerçeklere goýulýan çäksiz sylag-hormatyň nyşanydyr.

OKATMAGYŇ TEHNIKI USULLARYNY KÄMILLEŞDIRMEK
Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda milli bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri barha rowaçlanýar. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge, çuňňur bilimli, giň dünýä garaýyşly öňde baryjy tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam berýär.

Bilim — bagtyň çyragy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm işler esasy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy.

Ýaşlar hakynda alada
Gülläp ösýän Diýarymyzda bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, umuman, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaşlar baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.