Rubrikalar
Rubrikalar
Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň baky bagtydyr
Halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär.
Bilim — bagtyň çyragy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm işler esasy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy.
Ýaşlar hakynda alada
Gülläp ösýän Diýarymyzda bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, umuman, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaşlar baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.
Aşgabat — şäherleriň göwheri
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berlendigi barada bagtyýar halkymyza buşlan hoş habary kalbymyzy buýsanja besledi.
Bitaraplyk ýoly – bagtyň ýoly
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.
BILIM ULGAMYNA DÜNÝÄ TEJRIBESI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Gahryman Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar.
Sanly ykdysadyýet: ösüşiň möhüm innowasion ugry
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan türkmen ili Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletli döwranyň binýadyny berkden tutýar. Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde düýpli özgertmeleriň giňden ýaýbaňlandyrylyp, täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Şu meselede sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagy şu günüň talaby bolup durýar.
Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty — dünýäniň nusgawy şäheri
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz ekologiýa taýdan arassa, ak mermere beslenen binalary bilen dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Gurulýan ajaýyp binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary dünýä ülňülerine laýyklykda, milli binagärlik ýörelgelerimiz bilen sazlaşýar.
Ýaşlar ajaýyp işleriň başynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan eziz Diýarymyz Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ähli ugurlarda ajaýyp üstünliklere eýe bolýar.
Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasy
Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda – berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.