Rubrikalar
Rubrikalar
163ee1623b6e18.png
1 ýyl ozal
Ýaşlar ajaýyp işleriň başynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan eziz Diýarymyz Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ähli ugurlarda ajaýyp üstünliklere eýe bolýar.

163ef5d4b4bf4a.jpeg
1 ýyl ozal
Ylymly ýaşlar – Watanyň aýdyň geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýeňişli menzillerini tutuş dünýä ýüzüne ýaýmakda, mähriban Watanymyzyň ösen döwlete öwrülmeginde türkmen ylmynyň gazananlary, ýeten beýik derejesi möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ylym hem bilim ulgamynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak arkaly ýaş nesli kämil düşünjeli edip terbiýelemek, ulgamy dünýä ülňülerine laýyk getirmek esasy meseleleriň hatarynda goýlup, olar üstünlikli çözülýär.

1664ed6fe16e69.jpeg
1 ýyl ozal
Ulag we kommunikasiýa pudagy bilimiň soňky gazananlary bilen utgaşýar

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrüň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýokary okuw mekdepleri aýratyn orna eýedir. Biziň institutymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ylmyň gazanan soňky tehnologiýalary we tehnikalary bilen üpjün edilen binalarynda amaly, tejribe otaglarynda ylmy, diplom işleri ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilendir.

163f0a0cd64647.jpeg
1 ýyl ozal
KITAPLAR — PAÝHASLAR OJAGY

«Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär» diýip nygtamak bilen, milli Liderimiz kitaba uly hormat goýýar. Çünki hormatly Prezidentimiz öz döreden ajaýyp eserleri bilen halkyň kalbyna girdi. Dünýä döräli bäri, adamzat nesli nähili işleri amala aşyran bolsa, bularyň ählisi kitaplaryň gatlarynda saklanyp galypdyr.

163f3259a76736.jpeg
1 ýyl ozal
Bilim – aýdyň geljegimiziň gözbaşy

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler netijesinde ylym-bilim ulgamy-da örän çalt depginler bilen ösýär. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek hem-de olaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw-usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, bu ugurda sanly bilimiň döwrebap mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar.

163f3477ecc90b.jpeg
6 aý ozal
SANLY YKDYSADYÝET — DÖWREBAP ÖSÜŞ

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly güwä geçýär.

1664f19562f4dd.jpeg
1 ýyl ozal
Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasy

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda – berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

163ee09e0411a0.jpeg
1 ýyl ozal
Şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar

Hormatly Prezidentimiz edebi mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada uly tagallalary edýär. Hut şonuň üçinem kämil medeniýetimize we sungatymyza Ýer ýüzüniň ähli döwletlerinde belent sarpa goýulýar. Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda bellenilip geçiler. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr.

165aabb27e5159.jpeg
1 ýyl ozal
ÝAŞLARA GYMMATY EGSILMEJEK SERPAÝ

​​​​​​​Beýik ýeňişlere, uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şatlykly günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi il-ulsumyzyň göwnüni galkyndyryp, kalbyny buýsanja besledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eseri Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda türkmen ýaşlary üçin gymmaty egsilmejek serpaýdyr.

1660fc195abd37.jpeg
1 ýyl ozal
Akyldar Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler. Häzirki wagtda bu ýubileýe taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.