Rubrikalar
Rubrikalar
Elektron kitaphanalar – bilim ulgamynyň ygtybarly daýanjy
Sanly bilim ulgamy ykdysadyýetiň möhüm bölekleriniň biridir. Ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde hem sanly ulgamy ornaşdyrmakda uly öňegidişlikler gazanylýar. Bilim edaralarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmekde, ylym-bilimiň, innowasiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Sanly ulgamyň ýaş hünärmenleri
Eziz Diýarymyzda ýaşlara ylym-bilim, terbiýe bermek, şeýle hem bilim bermegiň iň täze döwrebap usulyýetinden peýdalanmak işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Bu babatda döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp, sanly bilim giňden ösdürilýär.
SANLY BILIM — DÖWREBAP BILIMIŇ NUSGASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bedew batly gadamlary hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda döwrüň täze gazananlary bilen depginli dowam edýär. Muny häzirki wagtda ýurduň ösüşi üçin wajyp bolan ugurlaryň esasy orunda goýulýanlygy hem subut edýär.
Döwrüň derwaýys işleri
Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde, şeýle-de ýurdumyzda edilýän her bir işiň häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelmegini gazanmak babatda öňe sürýän pikirleriniň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary günsaýyn özgerdilýär. Bu işleri amal etmäge, häzirki zaman ösüşiň zerur şertlerini gurnamaga ukyply bolan ýurdumyz ähli babatda önümçilik, işjeňlik kuwwatyny has-da güýçlendirmegiň geljekki maksatnamalaryny yzygiderli işläp taýýarlaýar.
Ylym-bilim — täze üstünliklere badalga
Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, halkara ölçeglerine laýyk gelýän çuňňur bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn, kämil hünärmen bolup ýetişmekleri üçin Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem uly işler alnyp barylýar.
Inženerleriň we tehnologlaryň täze nesli kemala gelýär
Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, halkara ölçeglerine laýyk gelýän çuňňur bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn, kämil hünärmen bolup ýetişmekleri üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem uly işler alnyp barylýar. Talyplara berilýän bilimiň halkara ölçeglerine laýyk gelmegi, ylma we önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly talaplary ýörelge edinýän institutyň mugallymlary özleriniň yhlasly zähmetleri bilen ýaşlara halypaçylyk edýärler.
Dana Pyragynyň pähim paýhasy
Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwy Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşdy. Şahyr, ilkinji nobatda, berkarar döwleti isläpdir. Berkarar döwleti gurmagyň ilkinji synmaz sütüniniň agzybirlikdedigine düşünip, erkin-azat ýaşamagyň sakasy bolan agzybirligi arzuw edipdir.
Ylym we bilim — üstünlikleriň açary
Her bir taryhy döwür özüniň özgertmeleri, beýik ösüşleri, hoş habarlary bilen durmuşymyza özboluşly ýakym çaýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň türkmen taryhynda, halkymyzyň durmuşynda aýratyn yz goýjakdygy mälimdir.
Bilimli ýaşlar buýsanjymyzdyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgelerine eýerilip, bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meseleleri üns merkezinde saklanýar.
Bilim — üstünligiň şuglasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän ylym-bilimiň has-da uly ähmiýete eýedigini belläsimiz gelýär. Çünki bilim-ylym ähli ösüşleriň, galkynyşlaryň binýady, ykdysadyýetiň kuwwaty hasaplanýar. Ylmyň we tehnologiýanyň ösýän döwründe islendik döwletiň kuwwaty bilimiň we ylmyň ösüş derejesi bilen, adamyň sowatlylygy bilen kesgitlenýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.