Rubrikalar
Rubrikalar
16646627e131af.jpeg
1 aý ozal
Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda - berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

16645ab14eaff6.jpeg
1 ýyl ozal
Bilimden binýatly türkmen ýaşlary

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygy hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ata Watanymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen ýaşlaryny dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil, giň dünýägaraýyşly, Watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmek döwrümiziň öňde goýýan wezipeleriniň esasyny düzýär.

1659393363bd91.jpeg
1 aý ozal
ARKADAGLY SERDAR BILEN ÖŇE BARÝAR BAGTYÝAR ZAMANA

Bu günki gün ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgelerine ygrarly agzybir halkymyz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik geljegini gurýar. Ösüşleriň aýdyň ýolundan ýöräp, belent maksatlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň barha belende galýan halkara abraýyny, gazanýan uly üstünliklerini bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.

16398bff14ac39.png
1 aý ozal
Döwrebap bilim ulgamy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň baş maksady halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Bu asylly maksada ýetmekde jemgyýetiň ruhy durmuşynyň täze many-mazmuna eýe bolmagyna, munuň üçin bolsa ylym-bilim ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegine uly orun degişlidir.

16398bd905a1ad.jpeg
4 hepde ozal
SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ MILLI YKDYSADYÝETIMIZDÄKI ORNY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar.

165950165255ab.jpeg
1 aý ozal
Döwletimiziň ynamly geljegi

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.

16644c230dffb2.jpeg
3 hepde ozal
BEÝIK AKYLDAR WE BAG­TY­ÝAR­LYK DÖW­RI

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de gö­zel Di­ýa­ry­myz­da äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da mil­li me­de­ni­ýe­ti­miz, sun­ga­ty­myz, mi­ra­sy­myz hem uly ösüş­le­re bes­len­ýär. Gahryman Ar­ka­da­gy­myz «Me­de­ni­ýet hal­kyň kal­by­dyr» at­ly ki­ta­byn­da: «Türk­men hal­ky adam­za­dyň ga­dy­my dö­wür­den bä­ri dün­ýä­niň me­de­ni-ru­hy, yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne go­şant go­şan halk­dyr» di­ýip bel­läp geç­ýär. 

169240051168be.jpeg
4 hepde ozal
BITARAPLYGYŇ BAGT ŞUGLASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan Watanymyz Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde durnuklylygyň oňyn ýagdaýyny emele getirmek bilen sebitde möhüm orny eýeleýär.

16393a102693ed.jpeg
1 ýyl ozal
HEMIŞELIK BITARAPLYK — MIZEMEZ ÝÖRELGÄMIZ

Halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär.

169240104a2607.jpeg
4 hepde ozal
Baky Bitaraplygymyzyň halkara hyzmatdaşlygyndaky orny

Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasy şol wagt gurama degişli bolan 185 döwlet tarapyndan biragyzdan goldanylan bolsa, 2015-nji ýylda 193 döwlet tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň daşary syýasat ugruna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly ynam bildirilýändiginiň subutnamasydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.