Rubrikalar
Rubrikalar
16446d9941c6be.jpeg
1 aý ozal
Ylym we bilim — üstünlikleriň açary

Her bir taryhy döwür özüniň özgertmeleri, beýik ösüşleri, hoş habarlary bilen durmuşymyza özboluşly ýakym çaýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň türkmen taryhynda, halkymyzyň durmuşynda aýratyn yz goýjakdygy mälimdir.

16446db7a20b66.jpeg
1 aý ozal
Bilimli ýaşlar buýsanjymyzdyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgelerine eýerilip, bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meseleleri üns merkezinde saklanýar.

1624b38a185715.jpeg
1 ýyl ozal
Bilim — üstünligiň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän ylym-bilimiň has-da uly ähmiýete eýedigini belläsimiz gelýär. Çünki bilim-ylym ähli ösüşleriň, galkynyşlaryň binýady, ykdysadyýetiň kuwwaty hasaplanýar. Ylmyň we tehnologiýanyň ösýän döwründe islendik döwletiň kuwwaty bilimiň we ylmyň ösüş derejesi bilen, adamyň sowatlylygy bilen kesgitlenýär.

16949101c2141b.jpeg
1 aý ozal
Milli bilim ulgamy: ösüşleriň täze döwri

Milli ösüşimiziň täze tapgyry — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri. Bu ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeleriň amala aşyryljak, ajaýyp ösüşleriň gazanyljak we belent sepgitleriň ýetiljek eýýamydyr. Onda esasy ynam Garaşsyz ýurdumyzyň altyn geljegi bolan, häzirki zaman innowasiýalaryndan baş çykarýan ylymly we bilimli türkmen ýaşlaryna bildirilýär.

16646627e131af.jpeg
2 aý ozal
Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda - berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

1663da1d67a4f1.jpeg
1 ýyl ozal
Ýaşlar hakynda alada

Gülläp ösýän Diýarymyzda bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, umuman, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaşlar baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

169240104a2607.jpeg
2 aý ozal
Baky Bitaraplygymyzyň halkara hyzmatdaşlygyndaky orny

Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasy şol wagt gurama degişli bolan 185 döwlet tarapyndan biragyzdan goldanylan bolsa, 2015-nji ýylda 193 döwlet tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň daşary syýasat ugruna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly ynam bildirilýändiginiň subutnamasydyr.

163923905dbd19.jpeg
2 aý ozal
BAKY BITARAPLYK — MIZEMEZ GYMMATLYGYMYZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär. Il-ýurt bähbitli tutumly işler Arkadagly Serdarymyzyň Watana hem ene topraga söýgüsiniň beýikdigini äşgär edýär. Ýurdumyzyň bedew batly şol ösüşleridir özgerişleri kalbyňy joşa getirip, il-halkyň eşretli durmuşyny üpjün edýän Arkadag Prezidentimize buýsanjymyzy artdyrýar.

1692a7c0caf8a4.jpeg
2 aý ozal
Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň baky bagtydyr

Halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär.

16390701fec6cc.jpeg
1 ýyl ozal
Baky Bitaraplygyň beýik binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň giňeldýär, munuň netijesinde ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasaty dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.