Rubrikalar
Rubrikalar
1658525033949a.jpeg
11 aý ozal
Bilim — bagtyň açary

Günsaýyn ösýän, özgerýän ýurdumyzda ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, sanly ulgamdan baş çykarýan we daşary ýurt dillerini bilýän, sagdyn bedenli, milli ruhly terbiýeläp ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda ýaşlar syýasaty döwletimiziň ileri tutulýan syýasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdep okuwçylarymyz dünýäniň iri olimpiadalarynda, sport ýaryşlarynda we başga-da dürli bäsleşiklerde ýokary netije gazanýarlar.

1692af7ab80684.jpeg
11 aý ozal
Bilimli ýaşlar – ýurdumyzyň ýagty geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň kuwwaty yzygiderli berkidilýär. Döwletiň we jemgyýetiň sütüni ylymdan hem bilimden bina edilende, onuň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösjekdigini berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda görýäris. Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň we medeniýetiň ösen ojagy hökmünde meşhurdyr.

1692d6e236ec2b.jpeg
11 aý ozal
Elektron kitaphanalar – bilim ulgamynyň ygtybarly daýanjy

Sanly bilim ulgamy ykdysadyýetiň möhüm bölekleriniň biridir. Ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde hem sanly ulgamy ornaşdyrmakda uly öňegidişlikler gazanylýar. Bilim edaralarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmekde, ylym-bilimiň, innowasiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

16457efd638c1d.jpeg
11 aý ozal
Sanly ulgamyň ýaş hünärmenleri

Eziz Diýarymyzda ýaşlara ylym-bilim, terbiýe bermek, şeýle hem bilim bermegiň iň täze döwrebap usulyýetinden peýdalanmak işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Bu babatda döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp, sanly bilim giňden ösdürilýär.

162cfdb4188169.jpeg
10 aý ozal
SANLY BILIM — DÖWREBAP BILIMIŇ NUSGASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň  bedew batly gadamlary hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda döwrüň täze gazananlary bilen depginli dowam edýär. Muny häzirki wagtda ýurduň ösüşi üçin wajyp bolan ugurlaryň esasy orunda goýulýanlygy hem subut edýär.

1658463be36d58.jpeg
2 ýyl ozal
Döwrüň derwaýys işleri

Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde, şeýle-de ýurdumyzda edilýän her bir işiň häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelmegini gazanmak babatda öňe sürýän pikirleriniň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary günsaýyn özgerdilýär. Bu işleri amal etmäge, häzirki zaman ösüşiň zerur şertlerini gurnamaga ukyply bolan ýurdumyz ähli babatda önümçilik, işjeňlik kuwwatyny has-da güýçlendirmegiň geljekki maksatnamalaryny yzygiderli işläp taýýarlaýar.

1692af78ac3961.jpeg
11 aý ozal
Sanly ykdysadyýet – ösüşleriň özeni

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler aýratyn orun eýeleýär.

16731a067c0cf7.jpeg
11 aý ozal
Ylym-bilim — täze üstünliklere badalga

Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, halkara ölçeglerine laýyk gelýän çuňňur bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn, kämil hünärmen bolup ýetişmekleri üçin Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem uly işler alnyp barylýar.

165871b6cec2ef.png
2 ýyl ozal
Inženerleriň we tehnologlaryň täze nesli kemala gelýär

Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, halkara ölçeglerine laýyk gelýän çuňňur bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn, kämil hünärmen bolup ýetişmekleri üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem uly işler alnyp barylýar. Talyplara berilýän bilimiň halkara ölçeglerine laýyk gelmegi, ylma we önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly talaplary ýörelge edinýän institutyň mugallymlary özleriniň yhlasly zähmetleri bilen ýaşlara halypaçylyk edýärler.

1693056847e34f.jpeg
11 aý ozal
Ýaşlar — Watanyň daýanjy

Ýurdumyzda giň gerimli ýaşlar syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi bu ugurdaky işlere täze badalga boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesilleriň tutýandygy guwandyryjydyr. Ýurduň geljegini gurujy ýaşlar eziz Watanymyzyň barha kuwwatlanmagynda aýratyn orun eýeleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.