Rubrikalar
Rubrikalar
165736e27ed3bb.jpeg
11 aý ozal
Bitaraplyk — parahatçylygyň gözbaşy

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.

165aabb27e5159.jpeg
2 ýyl ozal
ÝAŞLARA GYMMATY EGSILMEJEK SERPAÝ

​​​​​​​Beýik ýeňişlere, uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şatlykly günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi il-ulsumyzyň göwnüni galkyndyryp, kalbyny buýsanja besledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eseri Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda türkmen ýaşlary üçin gymmaty egsilmejek serpaýdyr.

165d7c1bf6d803.jpeg
2 ýyl ozal
ÝURDUMYZYŇ ÝAŞLAR SYÝASATY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

1692b4d4fc251d.jpeg
11 aý ozal
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi - paýhas mekdebi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň medeni ulgamynda ägirt uly ösüşler amala aşyrylýar.

1651b04e9dcb79.jpeg
2 ýyl ozal
Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa

Aslynyň kimlerdendigini şahyryň özüniň aýdyp geçmegine görä Magtymgulynyň ýaşlyk, ýetginjek ýyllary Etrek, Gürgen derýasynyň boýunda Soňydag, Gyzylbaýyr sebitlerinde tebigatyň gözel ýerlerinde geçipdir. Şol döwürlerde Eýran hanlyklarynyň çozuşlarynyň häli-şindi gaýtalanyp durmaklygy sebäpli şahyryň nebereleri öz ildeşleri bilen bilelikde, ilki Soňydaga, soňra bolsa Garrygala taraplara göçmäge mejbur bolupdyrlar.

1645548a900239.jpeg
11 aý ozal
SANLY BILIM — DÖWREBAPLYGYŇ NUSGASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň  bedew batly gadamlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwrüň täze gazananlary bilen depginli dowam edýär. Muny häzirki wagtda ýurduň ösüşi üçin wajyp bolan ugurlaryň esasy orunda goýulýanlygy hem subut edýär. Çünki şu günüň gözi bilen dünýäniň häzirki ösüş derejesine nazar aýlanyňda, tehnologiýanyň döredýän mümkinçiliklerini amatlyklar üçin peýdalanmak zerury ýagdaý bolup ör-boýuna galýar.

1645540b26d2da.jpeg
2 ýyl ozal
Döwrüň derwaýys işleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň häzirki ýeten sepgitleri barada söz açmak ýüreklerimizde buýsanç duýgusyny oýarýar. Arkadagly Serdarymyzyň öňyn başlangyçlarynyň netijesinde, şeýle-de ýurdumyzda edilýän her bir işiň häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelmegini gazanmak babatda öňe sürýän pikirleriniň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary günsaýyn özgerdilýär.

1658525033949a.jpeg
11 aý ozal
Bilim — bagtyň açary

Günsaýyn ösýän, özgerýän ýurdumyzda ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, sanly ulgamdan baş çykarýan we daşary ýurt dillerini bilýän, sagdyn bedenli, milli ruhly terbiýeläp ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda ýaşlar syýasaty döwletimiziň ileri tutulýan syýasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdep okuwçylarymyz dünýäniň iri olimpiadalarynda, sport ýaryşlarynda we başga-da dürli bäsleşiklerde ýokary netije gazanýarlar.

1658d619df0270.jpeg
2 ýyl ozal
ÝAŞLARA YNAM BEÝGELÝÄNDIR, ARKADAGLY SERDAR BILEN

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýetilýän belent sepgitler Ata Watanymyzy arzuwlaryň hasyl bolýan diýaryna öwürdi. Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi, jemgyýetimiziň ygtybarly hereketlendiriji güýjüdir. Hut şonuň üçin döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyndaky ornuna uly ähmiýet berilýär.

1658463be36d58.jpeg
2 ýyl ozal
Döwrüň derwaýys işleri

Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde, şeýle-de ýurdumyzda edilýän her bir işiň häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelmegini gazanmak babatda öňe sürýän pikirleriniň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary günsaýyn özgerdilýär. Bu işleri amal etmäge, häzirki zaman ösüşiň zerur şertlerini gurnamaga ukyply bolan ýurdumyz ähli babatda önümçilik, işjeňlik kuwwatyny has-da güýçlendirmegiň geljekki maksatnamalaryny yzygiderli işläp taýýarlaýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.