Rubrikalar
Rubrikalar
Ylym — ösüşleriň binýady
Eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklara ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň giňişleýin ornaşdyrylmagy hem-de iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli ulanylmagy ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
BILIM ULGAMYNYŇ ROWAÇLY GADAMLARY
Bilim ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiň binýady bolup durýar. Türkmenistanyň «Bilim hakynda» Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem bu ulgamyň kämilleşdirilmegine we döwrebap talaplara laýyk getirilmegine uly ünsüň gönükdirilýändigine şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde bu ugra sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar.
Ylym — ösüşleriň binýady
Eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklara ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň giňişleýin ornaşdyrylmagy hem-de iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli ulanylmagy ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Baky berkararlygymyzyň binýady
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki mertebesini has-da artdyrýar. Döwleti dolandyrmagyň häzirki zaman kadalary hem ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelere esaslanýar.
Ylymly ýaşlar – kämilligiň ýolunda
Her bir millete mahsus bolşy ýaly, türkmen halkynyň-da mukaddes hasaplaýan ýörelgeleri bar. Köpri gurmak, guýy gazmak, ýap çekmek, oglan okatmak, ylym öwrenmek ýaly ýörelgeler gadymy döwürlerden bäri mukaddes hasaplanýar. Ylym öwrenmek ähli döwürlerde-de ähmiýetini ýitirmändir. Häzirki döwürde ylym has ýokary derejelere ýetdi.
Iki mukaddesligiň baýramy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda her bir günümiz toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy barha artýar. Halkymyz il agzybirliginde, ýurt jebisliginde iň bir ajaýyp seneleriniň biri hem 18-nji maýdaky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden bellemek üçin uly taýýarlyk görýär.
Ýaşlar ajaýyp işleriň başynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan eziz Diýarymyz Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ähli ugurlarda ajaýyp üstünliklere eýe bolýar.
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASY
Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun berýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar. Akyldaryň şygyrlaryny agzybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip atlandyrmak bilen, olary egsilmeýän derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýäris.
Akyldar Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler. Häzirki wagtda bu ýubileýe taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr.
Şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar
Hormatly Prezidentimiz edebi mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada uly tagallalary edýär. Hut şonuň üçinem kämil medeniýetimize we sungatymyza Ýer ýüzüniň ähli döwletlerinde belent sarpa goýulýar. Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda bellenilip geçiler. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.