Rubrikalar
Rubrikalar

Bilim – aýdyň geljegimiziň gözbaşy
Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler netijesinde ylym-bilim ulgamy-da örän çalt depginler bilen ösýär. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek hem-de olaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw-usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, bu ugurda sanly bilimiň döwrebap mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar.

KITAPLAR — PAÝHASLAR OJAGY
«Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär» diýip nygtamak bilen, milli Liderimiz kitaba uly hormat goýýar. Çünki hormatly Prezidentimiz öz döreden ajaýyp eserleri bilen halkyň kalbyna girdi. Dünýä döräli bäri, adamzat nesli nähili işleri amala aşyran bolsa, bularyň ählisi kitaplaryň gatlarynda saklanyp galypdyr.

Ulag we kommunikasiýa pudagy bilimiň soňky gazananlary bilen utgaşýar
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrüň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýokary okuw mekdepleri aýratyn orna eýedir. Biziň institutymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ylmyň gazanan soňky tehnologiýalary we tehnikalary bilen üpjün edilen binalarynda amaly, tejribe otaglarynda ylmy, diplom işleri ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilendir.

Ylymly ýaşlar – Watanyň aýdyň geljegi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýeňişli menzillerini tutuş dünýä ýüzüne ýaýmakda, mähriban Watanymyzyň ösen döwlete öwrülmeginde türkmen ylmynyň gazananlary, ýeten beýik derejesi möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ylym hem bilim ulgamynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak arkaly ýaş nesli kämil düşünjeli edip terbiýelemek, ulgamy dünýä ülňülerine laýyk getirmek esasy meseleleriň hatarynda goýlup, olar üstünlikli çözülýär.

Ýaşlar ajaýyp işleriň başynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan eziz Diýarymyz Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ähli ugurlarda ajaýyp üstünliklere eýe bolýar.

Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlary
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2018-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm binýadydyr. Konsepsiýany üç tapgyrda (1-nji tapgyry — 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyry — 2020 — 2023-nji ýyllarda, 3-nji tapgyry — 2024 — 2025-nji ýyllarda) amala aşyrmak maksat edinilýär.

Sanly bilime giň ýol
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asylly tutumlaryň üstünlikli dowam etdirilmegi ýurdumyzy ösdürmäge düýpli itergi berýär. Berkarar Diýarymyzyň ilatynyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edip, köpugurly ösüş maksatnamalarda göz öňünde tutulan başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine gönükdirilen çäreler diýseň buýsandyrýar.

Sanly geljege tarap
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürilmegine halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, sanly ulgamyň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary bolsa, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Gelendir arzuwlan döwrüň, Pyragy!
Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, berkararlyk we bagtyýarlyk pelsepesiniň kemala gelmegine ägirt uly goşant goşan danadyr. Ol diňe bir türkmeniň galagoply eýýamynyň ruhy sütüni däl-de, eýsem, milletimiziň parasat ummany, akyl derýasy, mukaddes Garaşsyzlygynyň, Bitaraplygynyň, berkarar döwletiniň ruhy kökleriniň özboluşly çeşmesidir.

Kämil bilim – ösüşlere şamçyrag
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syyasatynyň üstünliklere hem rowaçlyklara beslenmegi netijesinde eziz Watanymyzyň nurana ertiri, bagtyýar geljegi bolan yaş nesilleriň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, kämil hünärli, ruhubelent ýaşlar hökmünde okamaklary, döredijilikli zahmet çekmekleri ugrunda zerur bolan ahli mümkinçilikler doredilyar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.