Rubrikalar
Rubrikalar
SANLY BILIM — ÖSÜŞLERIŇ GIREWI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, arassa ahlakly hünärmenleri taýýarlamakda uly aladalar edýär.
SANLY BILIM — ÖSÜŞLERIŇ NUSGASY
Watanymyzyň bedew batly gadamlary Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwrüň täze gazananlary bilen depginli dowam edýär. Muny häzirki wagtda ýurduň ösüşi üçin wajyp bolan ugurlaryň esasy orunda goýulýanlygy hem subut edýär. Çünki şu günüň gözi bilen dünýäniň häzirki ösüş derejesine nazar aýlanyňda, tehnologiýanyň döredýän mümkinçiliklerini amatlyklar üçin peýdalanmak zerury ýagdaý bolup ör-boýuna galýar.
SANLY ULGAM - ÇÄKSIZ MÜMKINÇILIKLER!
Häzirki wagtda sanly ulgam ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde doly ykrar edilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy ýurduň ykdysady güýjüniň artmagyna mümkinçilik berýär. Olar döwletiň önümçilik, gaýtadan işleýän senagat, hyzmatlar we eksport kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa halk hojalygynyň döwrebap innowasiýalar bilen üpjün edilmegini we milli ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny zerurlyga öwürýär.
Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty — dünýäniň nusgawy şäheri
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz ekologiýa taýdan arassa, ak mermere beslenen binalary bilen dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Gurulýan ajaýyp binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary dünýä ülňülerine laýyklykda, milli binagärlik ýörelgelerimiz bilen sazlaşýar.
Sanly ykdysadyýet: ösüşiň möhüm innowasion ugry
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan türkmen ili Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletli döwranyň binýadyny berkden tutýar. Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde düýpli özgertmeleriň giňden ýaýbaňlandyrylyp, täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Şu meselede sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagy şu günüň talaby bolup durýar.
BILIM ULGAMYNA DÜNÝÄ TEJRIBESI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar.
ÝAŞ NESLIŇ KÄMIL ÝETIŞMEGI UGRUNDA NUSGALYK ALADALAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
ARKADAGLY ÝURDUŇ GELJEGI ÝAŞLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy döredildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak babatynda utgaşykly işler ýola goýuldy.
Ösüşiň täze belentlikleri
Häzirki wagtda durmuşyň ähli ugurlarynda geçirilýän düýpli özgerişlikler ýurdumyzyň ylym ulgamynyň öňünde hem täze wezipeleri goýýar we ýokary hünärli kämil hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär. Ýurduň ykdysadyýetini we ýaşaýyş-durmuş ulgamyny öz ugrundan ýokary hünärli hünärmenler bilen üpjün etmek, ylmy-tehniki ösüşiň döwlet maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen ylym-bilim edaralarynyň işgärleriniň ylmy we mugallymçylyk hünäriniň derejesi has-da ýokarlandyrylýar.
Ylym — ösüşleriň binýady
Eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklara ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň giňişleýin ornaşdyrylmagy hem-de iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli ulanylmagy ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.