Rubrikalar / Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
SANLY BILIM ULGAMY — ÖSÜŞLERIŇ GIREWI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň bilim ulgamy düýpgöter täze derejelere göterilýär. Bu özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolsa häzirki zaman kompýuter tehnologiýasynyň, ýagny sanly bilim ulgamynyň ösmegidir.
Dana Pyragynyň pähim paýhasy
Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwy Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşdy. Şahyr, ilkinji nobatda, berkarar döwleti isläpdir. Berkarar döwleti gurmagyň ilkinji synmaz sütüniniň agzybirlikdedigine düşünip, erkin-azat ýaşamagyň sakasy bolan agzybirligi arzuw edipdir.
Inženerleriň we tehnologlaryň täze nesli kemala gelýär
Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, halkara ölçeglerine laýyk gelýän çuňňur bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn, kämil hünärmen bolup ýetişmekleri üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem uly işler alnyp barylýar. Talyplara berilýän bilimiň halkara ölçeglerine laýyk gelmegi, ylma we önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly talaplary ýörelge edinýän institutyň mugallymlary özleriniň yhlasly zähmetleri bilen ýaşlara halypaçylyk edýärler.
Ylym-bilim — täze üstünliklere badalga
Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, halkara ölçeglerine laýyk gelýän çuňňur bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn, kämil hünärmen bolup ýetişmekleri üçin Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem uly işler alnyp barylýar.
Döwrüň derwaýys işleri
Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde, şeýle-de ýurdumyzda edilýän her bir işiň häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelmegini gazanmak babatda öňe sürýän pikirleriniň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary günsaýyn özgerdilýär. Bu işleri amal etmäge, häzirki zaman ösüşiň zerur şertlerini gurnamaga ukyply bolan ýurdumyz ähli babatda önümçilik, işjeňlik kuwwatyny has-da güýçlendirmegiň geljekki maksatnamalaryny yzygiderli işläp taýýarlaýar.
SANLY BILIM — DÖWREBAP BILIMIŇ NUSGASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bedew batly gadamlary hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda döwrüň täze gazananlary bilen depginli dowam edýär. Muny häzirki wagtda ýurduň ösüşi üçin wajyp bolan ugurlaryň esasy orunda goýulýanlygy hem subut edýär.
Sanly ulgamyň ýaş hünärmenleri
Eziz Diýarymyzda ýaşlara ylym-bilim, terbiýe bermek, şeýle hem bilim bermegiň iň täze döwrebap usulyýetinden peýdalanmak işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Bu babatda döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp, sanly bilim giňden ösdürilýär.
Elektron kitaphanalar – bilim ulgamynyň ygtybarly daýanjy
Sanly bilim ulgamy ykdysadyýetiň möhüm bölekleriniň biridir. Ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde hem sanly ulgamy ornaşdyrmakda uly öňegidişlikler gazanylýar. Bilim edaralarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmekde, ylym-bilimiň, innowasiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
MILLI BILIM ULGAMYNY KÄMILLEŞDIRMEK DÖWRÜŇ MÖHÜM TALABYDYR
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda bilim syýasaty halkymyzyň ruhy durmuşynyň kämilleşmegine, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sagdyn kemala getirilmegine gönükdirilip, ol döwletimizi ösdürmegiň berk hukuk binýatly, kuwwatly hereketlendiriji güýjüne öwrülýär.
HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZ — MILLI BUÝSANJYMYZ
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde we halkara derejesinde durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi we möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Halkara durmuşyna işjeň gatnaşmak arkaly ählumumy parahatçylygy saklamak üçin zerur şertleri döretmäge, sebitde we dünýäde wajyp meseleleriň oňyn çözgüdine ygrarly bolmaga giň mümkinçilikleri döredýär, durnukly ösüşiň maksatlaryny ileri tutýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.