Rubrikalar
Rubrikalar
SANLY BILIM ULGAMY – DÖWREBAP ÖSÜŞIŇ GÖZBAŞY
Berkarar döwletíň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öne barýar. Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
BAŞARJAŇ HÜNÄRMENLER ÝURDUŇ GELJEGIDIR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýaşlara döredilýän mümkinçilikleriň gerimi has-da giňeýär. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegine uly mümkinçilikleri döredýär.
BEÝIK IŞLERIŇ EÝÝAMY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby bagtyýar türkmen ýaşlaryna ajaýyp sowgat boldy. Bu kitabyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ahyrynda geçirilen ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň dowam edýän günlerinde neşir edilmeginde-de uly many bar.
Döwrebap bilim — ýagty geljek
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri halk hojalygynyň her bir pudagy boýunça ezber, häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem olaryň ýardamy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir.
Bilim we tejribe sazlaşanda
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy yzygiderli ösüşlere eýe bolmak bilen, täze derejä çykýar. Milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.
Halkara Bitaraplyk gününe
Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Bu türkmen döwletiniň, agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir. Hemişelik Bitarap ýurtda ýaşamak, işlemek, döretmek, gurmak uly bagt hem belent mertebedir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk ýörelgelerini beýan edýär.
Informasion tehnologiýaly halkara awtomenzil
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen gurulýan – yklymlary we halklary birleşdirýän ýollaryň diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş dünýäniň ösüşli geljegine alyp barýandygy jedelsizdir.
Watanymyzyň ulag ulgamy barha kuwwatlanýar
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzynyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, şol sanda ulag logistika-ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň agzybirliginden, ilimiziň asudalygyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, parasatly baştutanlygynda, ulag-logistika syýasatynda alyp barýan işleriniň başlangyjy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — edebi mirasymyz
Gadymy hem mydam juwan halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri dünýä medeniýetiniň gymmatly hazynasyna öwrüldi. Diňe bir türki halkly ýurtlarda däl, eýsem, dünýäniň dürli döwletlerinde Magtymguly şahyryň şygryýetine belent sarpa goýulýar. Dünýä alymlary, edebiýatçylary dana şahyryň goşgularynyň tutuş adamzat üçin ähmiýetlidigini belläp, oňa ýokary baha berýärler.
Magtymguly Pyragyň eserleri – düýpsüz umman
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeni syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde, dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmek işleri hem üstünlikli dowam edýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bu günki gün dünýä halklarynyň gyzyklanmalaryna hem eýe bolýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.