Rubrikalar
Rubrikalar
ÝAŞ NESLI TERBIÝELEMEKDE KLASSIKI EDEBIÝATYŇ TÄSIRI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň meselesi, mertebesi, onuň ahlak häsiýetleri özüniň möhümligi bilen häsiýetlenýär. Çünki ýaş nesliň mertebesi, onuň jemgyýetde tutýan orny onda bilim, ahlak, ruhy-edep gymmatlyklarynyň jemlenmegi bilen baglanyşyklydyr. Ynsan ahlagy, edep-terbiýesi bilen baglanyşykly meseleler biziň edebiýatymyzyň taryhynda, edebi mirasymyzda hem aýratyn orny eýeleýär.
ADY DÜNÝÄ DOLAN BEÝIK AKYLDAR
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenýän 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň wekili Magtymguly Pyragynyň şahyrana hazynasynyň ylmy esas-da seljerilýändigini we pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek babatynda uly işleriň ýerine ýetirilýändigini hem-de geljekde-de şeýle işleriň dowam etdiriljekdigini görkezýär.
DÖWREBAP ULAG ULGAMY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda ulag ulgamyny barha ösdürmek babatynda köp işler amala aşyrylýar.Muňa mysal edip, 2022-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylmagy bizi has-da begendirýär .
Ýurdumyzyň daýanjy — bilimli ýaşlar
Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaşlara işlemäge, okamaga, döretmäge aýratyn itergi boldy.
Zehinli ýaşlara buýsanç
Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän işler pähimli pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp durmuşa geçirilýär.
Magtymguly Pyragynyň goşgularynda türkmen zenanlarynyň keşbi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda zenan mertebesi belentde tutulýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ,,Enä tagzym- mukaddeslige tagzym’’ atly kitabynda: ,,Zenan düşünjesine halkymyz ,,ene’’, ,,uýa’’, ,,aýal dogan’’, ,,ömürlik durmuş hemrasy’’ diýen manylarda garaýar’’ diýip belläp geçýär.
Ýaşlar — aýdyň geljegimizi gurujylar
Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýagty ertirlere bolan ynamymyz. Şoňa görä-de, bu günki gün ýurdumyzyň ygtybarly geljegini üpjün etmek üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlary ilhalar ynsanlar edip ýetişdirmek ugrunda yzygiderli alada edilýär. Olara döwrebap derejede bilim almaklary, ylym we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär.
Berkarar döwletde ýaşlar bagtyýar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ähli pudaklar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işleri has-da öňe ilerletmegi döwrüň öňe çykarýan iň bir esasy meselesi hökmünde kesgitledi. Bu ulgamdaky ösüşleriň has hem kämil derejelere çykarylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary döwletlere amala aşyrýan saparlarynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek baradaky ylalaşyklar hem subut edýär.
BEÝIK IŞLERIŇ EÝÝAMY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby bagtyýar türkmen ýaşlaryna ajaýyp sowgat boldy. Bu kitabyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ahyrynda geçirilen ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň dowam edýän günlerinde neşir edilmeginde-de uly many bar.
Magtymguly Pyragyň eserleri – düýpsüz umman
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeni syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde, dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmek işleri hem üstünlikli dowam edýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bu günki gün dünýä halklarynyň gyzyklanmalaryna hem eýe bolýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.