Rubrikalar
Rubrikalar
Magtymguly Pyragynyň goşgularynda türkmen zenanlarynyň keşbi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda zenan mertebesi belentde tutulýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ,,Enä tagzym- mukaddeslige tagzym’’ atly kitabynda: ,,Zenan düşünjesine halkymyz ,,ene’’, ,,uýa’’, ,,aýal dogan’’, ,,ömürlik durmuş hemrasy’’ diýen manylarda garaýar’’ diýip belläp geçýär.
ÝAŞ NESIL ÝURDUMYZYŇ YNAMLY GELEJEGIDIR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan we barha ösüşlere beslenýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem, elbetde, ýaşlar baradadyr. Bu ugurda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady hem pugtalandyrylyp, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, zähmet çekmegine gönükdirilendir.
Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň
Hormatly Prezidentimiz ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, sanlyja ýylyň içinde döredilen ýokary we orta okuw mekdepler kämil hünärmenleri taýýarlamaga döredilýän giň mümkinçiliklerdir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilki bilen ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgeleri kesgitlendi.
Täze eýýamyň bilimli ýaşlary
Şu ýylyň 31-nji oktýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.
Merkezi Aziýa sebitinde “TIR-EPD” ulgamy “ASYСUDA Wold” awtomatlaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda ulag ulgamyny barha ösdürmek babatynda köp işler amala aşyrylýar.
Ekologiýa syýasaty dabaralanýar
Bag ekmek, agaç nahallaryny oturtmak döwletlilikden, bagtyýar geljekden nyşan. Agaç nahallarynyň, köp görnüşli miweli we saýaly baglaryň ekilmegi indi ençeme ýyllardan bäri ýurdumyzda ajaýyp däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesinde amala aşyrylýan bag ekmek dabaralary halkymyz üçin has-da buýsançly ýagdaý.
DÖWREBAP ULAG ULGAMY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda ulag ulgamyny barha ösdürmek babatynda köp işler amala aşyrylýar.Muňa mysal edip, 2022-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylmagy bizi has-da begendirýär .
Milli manadymyz we durnukly ösüş
Adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly täsirini ýetiren oýlap tapyşlaryň hatarynda pul möhüm orny eýeleýär. Ol diňe bir aýratyn alnan adamyň däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda-da wajyp hasaplanýan dolanyşyk serişdesidir. Şu ýylyň 1-nji noýabrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esasy nyşanlarynyň biri bolan milli manadyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl dolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pul dolanyşygynyň ýurduň ykdysady ösüşine täsiri
Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan köpugurly özgertmeleriniň netijesinde milli manadymyz bilen baglanyşykly düýpli çäreler döwletimiziň ykdysady ösüşini ýokarlandyrmakdan we halkyň ýaşaýyş bähbitlerine esaslanmakdan ybaratdyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz durmuş-ykdysady taýdan barha uly ösüşleri nazarlaýar.
MAGTYMGULY - ADYŇ DILLERDE DESSAN
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda türkmen halkynyň baý taryhyny, ata Watanymyzyň we halkymyzyň öňünde ägirt uly hyzmatlary bitiren taryhy şahsyýetleri öwrenmäge giň ýol açyldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.