Rubrikalar
Rubrikalar
Dünýä dilleri – döwrüň talaby
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň baş maksady giň dünýägaraýyşly, bilimli, aň-düşünjeli, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň umumy we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurt dilleriniň ençemesi okadylyp, onuň hili has-da ýokarlandyrylyp, tejribeli we öz işine ussat hünärmenler kemala gelýär.
Raýat awiasiýa pudagynyň rowaçly menzilleri
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwletimizde häzirki zaman ulag we kommunikasiýalar ulgamy batly depginler bilen ösdürilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan ulag diplomatiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Sport — güýç-kuwwatyň özenidir
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesi esasynda alyp barýan daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýar.
Watanymyzyň ulag ulgamy barha kuwwatlanýar
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzynyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, şol sanda ulag logistika-ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň agzybirliginden, ilimiziň asudalygyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, parasatly baştutanlygynda, ulag-logistika syýasatynda alyp barýan işleriniň başlangyjy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ösen tejribelerden ugur alyp
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Şol ösüşlerde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän bilim özgertmeleri mynasyp orun eýeleýär.
BEÝIK IŞLERIŇ EÝÝAMY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby bagtyýar türkmen ýaşlaryna ajaýyp sowgat boldy. Bu kitabyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ahyrynda geçirilen ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň dowam edýän günlerinde neşir edilmeginde-de uly many bar.
Nazary mehanika – fizikanyň bölümidir
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmek babatda, halkyň durmuş hal ýagdaýyny gowulandyrmak babatda alyp barýan ýurt bähbitli syýasatlaryny gyşarnyksyz durmuşa geçirmek-de biz mugallymlaryň boýnunda örän uly jogapkärçilik durýar. Watanymyzyň söýesi bolan ylymly, bilimli, hünärli, zähmetsöýer ýaşlar onuň ýagty geljegi üçin zähmetlerini gaýgyrmaýarlar.
Magtymguly Pyragyň eserleri – düýpsüz umman
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeni syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde, dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmek işleri hem üstünlikli dowam edýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bu günki gün dünýä halklarynyň gyzyklanmalaryna hem eýe bolýar.
Söz ussady Magtymguly Pyragy
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda häsiýetlendirilýän mert ýigide gylyçdan beter ahlak, ynsan ölçegleri mahsusdyr. Bu ýerde mertlik diýen düşünje täze many-mazmuna eýedir: “Mert göwnünde daýym namys-ar artar...” Mertlik – durmuşdaky adam gatnaşyklarynyň hadysasy. Akyldaryň mertlik düşünjesinde harby many ikinji orunda bolup, birinji orunda ruhy-ahlak gymmatlyklary durýar.
Sanly bilim — döwrüň talaby
Bilim ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiň binýady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň «Bilim hakynda» Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem bu ulgamyň kämilleşdirilmegine we döwrebap talaplara laýyk getirilmegine uly ünsüň gönükdirilýändigine şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde bu ugra sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.