Rubrikalar
Rubrikalar
16966185fdc086.jpeg
10 aý ozal
Bilim ulgamynyň döwrebap ösüşi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär, ýaşlar hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda hem esasy orunda durýar. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata Watanymyzyň geljegini şu günki bagtyýar ýaşlarda görýär.

165646669aaa57.jpeg
1 ýyl ozal
Sport — güýç-kuwwatyň özenidir

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesi esasynda alyp barýan daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýar.

165718bf2ada69.jpeg
2 ýyl ozal
DÖWREBAP ULAG ULGAMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda ulag ulgamyny barha ösdürmek babatynda köp işler amala aşyrylýar.Muňa mysal edip, 2022-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylmagy bizi has-da begendirýär .

1654327c3427c8.jpeg
3 ýyl ozal
Täze üstünliklere tarap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, bilim pudagyny hem halkara ölçeglerine laýyk getirmäge ähli esaslary döredýär.

165e6d7d870fba.jpeg
2 ýyl ozal
Inžener-mehanikleriň bilim alýan ojagy

Ýokary okuw mekdebimiz paýtagtymyzyň iň bir gözel künjeginde — Köpetdagy etekläp oturan sebitde ýerleşmek bilen, bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen binalar toplumy we landşaft bezegi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda institutymyzda tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň halkara assosiasiýasynyň sanawyna goşulmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

165e5a7c091695.jpeg
2 ýyl ozal
ARKADAGLY ÝURDUMYZDA ÝAŞLAR BAGTYÝAR

Bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde, olaryň milli ruhda terbiýelenmegini, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegini gazanmakda zerur şertler döredilip, bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Ol işler ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary ýüze çykarmakdan, ýaş nesilde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi kemala getirmekden gözbaş alýar.

165ddab6101055.jpeg
2 ýyl ozal
Nazary mehanika – fizikanyň bölümidir

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmek babatda, halkyň durmuş hal ýagdaýyny gowulandyrmak babatda alyp barýan ýurt bähbitli syýasatlaryny gyşarnyksyz durmuşa geçirmek-de biz mugallymlaryň boýnunda örän uly jogapkärçilik durýar. Watanymyzyň söýesi bolan ylymly, bilimli, hünärli, zähmetsöýer ýaşlar onuň ýagty geljegi üçin zähmetlerini gaýgyrmaýarlar.

16576963426964.png
2 ýyl ozal
Bilim we tejribe sazlaşanda

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy yzygiderli ösüşlere eýe bolmak bilen, täze derejä çykýar. Milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

165389fba5a261.jpeg
3 ýyl ozal
ÝAŞ NESIL ÝURDUMYZYŇ YNAMLY GELEJEGIDIR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan we barha ösüşlere beslenýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem, elbetde, ýaşlar baradadyr. Bu ugurda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady hem pugtalandyrylyp, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, zähmet çekmegine gönükdirilendir.

16538b1bf18fa8.jpeg
3 ýyl ozal
Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň

Hormatly Prezidentimiz ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, sanlyja ýylyň içinde döredilen ýokary we orta okuw mekdepler kämil hünärmenleri taýýarlamaga döredilýän giň mümkinçiliklerdir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilki bilen ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgeleri kesgitlendi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.