Rubrikalar / Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
ÝEŇIL ATLETIKA HAKYNDA
Ýeňil atletika ― sportuň ylgaw, pyýada sport ýöreýşi, böküş we dürli agyrlyklary zyňma, köp görnüşli ýaryşlar(mnogoborýe), şossede ylgaw hem-de kross ― päsgelçilikli ýerlerden ylgaw ýaly görnüşlerini özünde jemleýär. Ol sportuň «Olimpiýa maşgalasyna» degişli esasy we has köpçülikleýin görnüşdir.
Kuwwatly Watanda – bilimli ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga döwlet býujetinden ägirt uly serişdeler goýberilýär. Ýurdumyzda her ýyl döwrebap çagalar baglary, orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri gurulýar we döredilýär. Şol bilim edaralarynyň ählisi hem ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, kompýuterler we okuw kitaplary bilen üpjün edilýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — edebi mirasymyz
Gadymy hem mydam juwan halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri dünýä medeniýetiniň gymmatly hazynasyna öwrüldi. Diňe bir türki halkly ýurtlarda däl, eýsem, dünýäniň dürli döwletlerinde Magtymguly şahyryň şygryýetine belent sarpa goýulýar. Dünýä alymlary, edebiýatçylary dana şahyryň goşgularynyň tutuş adamzat üçin ähmiýetlidigini belläp, oňa ýokary baha berýärler.
Raýat awiasiýa pudagynyň rowaçly menzilleri
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwletimizde häzirki zaman ulag we kommunikasiýalar ulgamy batly depginler bilen ösdürilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan ulag diplomatiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletde ýaşlar bagtyýar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ähli pudaklar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işleri has-da öňe ilerletmegi döwrüň öňe çykarýan iň bir esasy meselesi hökmünde kesgitledi. Bu ulgamdaky ösüşleriň has hem kämil derejelere çykarylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary döwletlere amala aşyrýan saparlarynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek baradaky ylalaşyklar hem subut edýär.
Magtymguly Pyragyň eserleri – düýpsüz umman
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeni syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde, dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmek işleri hem üstünlikli dowam edýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bu günki gün dünýä halklarynyň gyzyklanmalaryna hem eýe bolýar.
Informasion tehnologiýaly halkara awtomenzil
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen gurulýan – yklymlary we halklary birleşdirýän ýollaryň diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş dünýäniň ösüşli geljegine alyp barýandygy jedelsizdir.
Merkezi Aziýa sebitinde “TIR-EPD” ulgamy “ASYСUDA Wold” awtomatlaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda ulag ulgamyny barha ösdürmek babatynda köp işler amala aşyrylýar.
ÝAŞ NESIL ÝURDUMYZYŇ YNAMLY GELEJEGIDIR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan we barha ösüşlere beslenýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem, elbetde, ýaşlar baradadyr. Bu ugurda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady hem pugtalandyrylyp, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, zähmet çekmegine gönükdirilendir.
Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň
Hormatly Prezidentimiz ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, sanlyja ýylyň içinde döredilen ýokary we orta okuw mekdepler kämil hünärmenleri taýýarlamaga döredilýän giň mümkinçiliklerdir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilki bilen ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgeleri kesgitlendi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.